Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professorlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýaş mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.
Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň Türkmenistana iş sapary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasyny» döretmek boýunça bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek, şeýle hem hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we tejribe alyşmak maksady bilen amala aşyrylýar.
Türkmen mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmaga we hünär başarnyklaryny artdyrmaga gönükdirilen hünär ýokarlandyryş çäresiniň dowamynda informatikany hem-de amaly geologiýany okatmakda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça okuw sapaklar geçirilýär.
Bu okuwlar nebitgaz pudagy üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribelerini öwrenmek işinde uly ähmiýete eýe bolar.
Türkmen mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlary 2024-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC), Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasynyň arasynda «Lu Ban ussahanasyny» döretmek boýunça gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy.
Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasynyň» taslamasyny öňe ilerletmek baradaky başlangyjyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-niň Başlygy Si Sizinpiniň arasynda gol çekilen Bilelikdäki Beýannamada bellenendigini nygtamak gerek.
Hytaýda dörän «Lu Ban ussahanasyny» dünýäniň onlarça ýurtlarynda meşhurlyga eýe boldy. Olar halkara alyşmalar hem-de ylym we hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin netijeli meýdança döreden giň gerimli taslama görnüşindedir.
Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» döredilmegi ýokary derejeli hünärmenleriň, innowasion tehnologiýalaryň okgunly ösýän şertlerinde çuňňur bilimlere, hünär başarnyklaryna eýe bolan inženerleriň, tehnologlaryň taýýarlanylmagyna köp babatda ýardam eder.