Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplere giriş möwsümi ýaýbaňlanyp, onuň çäklerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri ýaşlara taýýarlygyň giň ugurlaryny hödürleýärler. Täze ugurlaryň sany, däp bolşy ýaly, bu ýyl hem artdy. Öňümizdäki okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-si täze ugurlaryň 13-si boýunça hünärmenleri taýýarlap başlarlar. Şol ugurlar hünärmen, bakalawr hem-de magistr maksatnamalar boýunça girizilýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Demirýol ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak» hem-de «Demirýol ulagynyň gatnawyny awtomatlaşdyrmak we habardar etmek» hünärleriň 2-si boýunça täze ugurlar girizildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Emeli aň ulgamlary we maglumatlary seljermek» ugry, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bolsa «Maglumaty dolandyryş ulgamlary» diýen ugurlar boýunça talyplary hünärmen maksatnamasy esasynda okatmaga başlanylar.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Ykdysadyýet we maglumatlaryň analizi», «Halkara maliýe», «Ykdysadyýet we statistika», «Maliýe we karz» ýaly täze 4 ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamaga başlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bakalawr maksatnamasynyň täze ugry – «Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we energetiki menejment» hereket eder.
Türkmen döwlet maliýe institutynda magistr maksatnamasy boýunça «Bank işi we maliýe», «Salgyt menejmenti», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit» ýaly täze 3 ugur açylar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» diýen ugur boýunça magistrleri taýýarlamaga girişiler.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň täze ugurlarynyň açylmagy häzirki zamanda olaryň wajyplygy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, döwletiň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem-de berk we özara bähbitli halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de kemala getirmäge mynasyp goşant goşup bilýän uly isleg bildirilýän ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini taýýarlamagyň zerurlygy bilen şertlenendir.
Şu ýyl Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň ulanylmaga berilmegi döwlet üçin bu möhüm wezipeleri çözmäge, täze hünärleri girizmäge we dalaşgärleriň sanyny artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Açylmagyna taýýarlanýan Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bakalawr maksatnamasy boýunça ilkinji talyplary kabul eder. Halkara derejeli ýokary okuw mekdep Diýarymyzyň telekeçiligi üçin bilim ugurlarynyň giňeldilen toparlarynyň 8-si boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlap başlar. Şol hünärleriň hatarynda, binagärlik; gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maşyngurluşyk; oba, tokaý we balyk hojalygy; weterinariýa we zootehnika; ykdysadyýet we dolandyryş; hukuk işi hünärleri bar.
11-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmelidigini, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmelidigini nygtap, jemgyýetçilik tarapyndan gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.