Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzda bolup geçjek halkara ähmiýetli waka – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) bagyşlanan bilim beriş-düşündiriş çäreleri geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okuw maslahaty görnüşinde geçirildi.

Oňa ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri – daşary ýurt dilleri, žurnalistika fakultetleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar, olaryň köpüsi Awazada geçiriljek maslahatda meýletinçiler hökmünde çykyş etmäge taýýarlanýarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burunowyň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýewiň çykyşlary halkara forumyň ähmiýetine hem-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň öňünde ony taýýarlamak we geçirmek boýunça durýan wezipeler baradaky meselelere bagyşlandy.

Olar çykyşlarynda forumy geçirmäge taýýarlygyň ýokary derejededigini bellediler hem-de ýurtda iri forumyň maksatnamasynyň çäklerinde geçiriljek syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer çäreleriň möhümdigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Okuw maslahatynyň dowamynda ýurtda möhüm wakalary hem-de Watanymyzyň halkara derejesindäki gazananlaryny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanylan şeýle duşuşyk geçirildi.

Ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçen bu duşuşykda forumyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň maksatlary hem-de wezipeleri, şeýle hem meýletinçilik meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsi maslahatyň möhüm çärelerine jemlenildi. Şol çäreleriň hatarynda «Günorta-Günorta» hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, zenan-liderleriň duşuşygy, raýat jemgyýetiniň, hususy ulgamyň forumlary, şeýle hem parlament we ýaşlar forumy bar.
Mundan başga-da, daşary ýurt wekiliýetleriniň gelmegini we kabul edilmegini halkara kadalaryny laýyklykda ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýdyldy.
Medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde, Türkmenistanyň gatnaşyjy ýurtlar bilen ynsanperwer aragatnaşyklarynyň giňeldilmeginde, halkara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynda maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilen medeni çäreleriniň eýeleýän orny bellenildi.
Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde Awazadaky BMG-niň öňde boljak iri maslahatyna bagyşlanylyp geçirilýän bilim beriş-düşündiriş çäreleri köp babatda meýletinçi-talyplaryň habarlylygyny we sowatlylygyny artdyrmaga, olaryň peýdaly maglumatlara we goşmaça bilim başarnyklaryna eýe bolmaklaryna ýardam eder.