Ï Türkmenistanda dalaşgärler üçin maglumatlar saýty we ykjam goşundy işi girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda dalaşgärler üçin maglumatlar saýty we ykjam goşundy işi girizildi

view-icon 3466
Türkmenistanda dalaşgärler üçin maglumatlar saýty we ykjam goşundy işi girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi dalasgar.bilim.tm atly habarlar platformasyny işe girizdi. Onuň kömegi bilen dalaşgärler göni wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylyň kabul ediş möwsüminiň barşyny synlap bilýärler.

Sanly ulgam her gün täzelenýär hem-de ulanyjylara her ýokary okuw mekdebinde her hünär boýunça tabşyrylan resminamalaryň möçberi barada anyk maglumatlary berýär. Maglumatlar, umuman, Türkmenistan boýunça bolşy ýaly, Aşgabat, Arkadag şäherleri hem-de ähli bäş welaýatlaryň hersi boýunça elýeterlidir. Munuň özi dalaşgärlere özleriniň okuwa girmäge bolan mümkinçiliklerine baha bermäge we ol ýa beýleki ýokary okuw mekdebi, hünäri saýlamaga, şeýle hem häzirki giriş möwsüminiň depginine aňsatlyk bilen ser salmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda ilkinji gezek işe girizilen maglumatlar saýty kabul ediş möwsüminiň açyklygyny we adalatly geçirilmegini, onuň barşy barada dalaşgärleriň möhüm täze maglumatlara erkin elýeterliligini üpjün etmek hem-de ýaşlaryň geljekki hünärlerini saýlamaklaryna goldaw bermek üçin işlenilip taýýarlanyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň dalaşgärleri üçin «Men talyp» diýen täze ykjam goşundy döredildi we işe girizildi. Ol okuwa girjeklere giriş synaglaryna taýýarlanmaga, öz bilimlerini giňeltmäge, barlamaga we oňa baha bermäge kömek eder.

Dalaşgäriň saýlan ýokary okuw mekdebine we hünärine baglylykda goşundy giriş synaglary kabul edilýän mekdep maksatnamasynyň dersleri boýunça okuw gollanmalary hödürleýär. Şeýle hem ulanyjynyň islegine görä, goşundy şahsy okuw meýilnamany hem döredýär.

Goşundyda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, olaryň fakultetleri, taýýarlyk ugurlary we hünärleri barada doly maglumatlar ýerleşdirilendir. Baş sahypada resminamalaryň tabşyrylmaly möhletiniň tamamlanýan döwrüne hem-de giriş synaglarynyň başlanmagyna çenli galan wagtyň azalýan tertibinde wagt görkeziji ýerleşdirilipdir. Goşundyda geçen ýyllaryň synag sowallary-da bar we olaryň temalarynyň düşündirilişi hödürlenýär. Bilimiňi barlamak üçin synag sowallary berilýär.

Dalaşgärlere niýetlenilen «Men talyp» diýen ýönekeý we amatly goşundy Google Play-de ýükläp almak üçin elýeterlidir.