Aşgabatda «Arçabil» myhmanhananyň mejlisler zalynda 2016-njy ýylda Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasynyň Monreal teswirnamasyna kabul edilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali düzedişiniň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň çäginde milli meýilnamalar we işiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, BMG-niň RKIK-niň ýurtdaky wekili tarapyndan goldandy we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi tarapyndan guraldy.
Maslahata sowadyş we howany kondisionerleme ulgamlaryny oturtmak hem olara hyzmat etmek bazarynda iş alyp barýan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň, döwlet kärhanalarynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň işewür toparlarynyň wekilleri ýygnandy. Taslamalarda we hereket meýilnamasynda resmileşdirilen birnäçe başlangyç işler, şeýle hem Kigali üýtgetmesiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi köptaraply çäreleriň biri bolan ýurduň howa şertleri boýunça edýän tagallalaryny goldamak üçin meýilnamalaşdyrylan çäreler bilen tanyşdyryş geçirildi.

Alymlar Kigali düzedişiniň üstünlikli we täsirli boljakdygyna, howanyň ýylamagynyň öňüni almaga goşant goşjakdygyna umyt edýärler. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi ozony weýran edýän maddadan dynmakdan planetanyň ozon gatlagyna we howasyna «bitarap» boljak sowadyjylaryň täze neslini özleşdirmäge geçýär. Bu, şeýle hem enjam ugrunyň döwrebaplaşdyrylmagy, täze tehnologiýalaryň, gurluşyk kadalarynyň, sowadyjy tehnikler üçin howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleriniň ornaşdyrylmagy, şeýle hem bu işgärleriň gaýtadan okadylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Garyşyk görnüşli duşuşyk Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ozon merkezinden birnäçe wekilleriň, bu işe gatnaşýan milli we halkara geňeşçileriň çykyşlaryny öz içine alýardy. Olar geljekde ýanyjy we zäherli bolup biljek tebigy enjamlary-da goşmak bilen, täze sowadyjylarda işleýän enjamlara hyzmat etmeli hünärmenlere – dolandyryjylara, tehniklere degişli şahadatnama bermegiň we olary ygtyýarlandyrmagyň möhümdigini bellediler. Okuw enjamlary bolan şunuň ýaly merkez – enjamlary düzetmek, freonlary barlamak we arassalamak üçin bölümleriň we bölekleriň iş modelleri eýýäm Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň esasynda döredildi.
Netijede, Türkmenistanyň milli ozon kanunçylygyny we bütindünýä ylalaşyklary durmuşa geçirmek işindäki zerurlyklar we ileri tutulýan ugurlar barada pikir alşyldy, mundan soňky işleri meýilleşdirmek, türkmeniň sowuk bazaryny döwrebaplaşdyrmak işine gözegçilik etmek, ýurtda ulanylýan freonlary hasaba almak, sowadyjylaryň we garyndylaryň dolanyşygy boýunça halkara ozon ylalaşyklary barada hasabat bermek üçin möhletler kesgitlendi.