Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary we mugallymlary Rumyniýada Kluž-Napokanyň tehniki uniwersitetinde, şeýle hem «Tenaris», «Bosch» we «Emerson» halkara kompaniýalarynda önümçilik tejribesini geçdiler.
Türkmen ýokary mekdebiniň wekilleri üçin tomusky önümçilik tejribesi iýul aýynyň 1 – 22-si aralygynda Kluž-Napokanyň tehniki uniwersiteti (KNTU) bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Ylalaşygynyň çäginde geçirildi.
Saparyň maksady talyplaryň okuw döwründe alan bilimlerini berkitmek we artdyrmak, telekommunikasiýa, awtomatlaşdyryş, programmirleme we kompýuter ulgamlary boýunça hünär endiklerini döretmekden we ösdürmekden ybarat.

Türkmenistanly talyplardyr mugallymlar topary üç hepdäniň dowamynda bilelikde ylalaşylan we tassyklanan maksatnama boýunça, tejribeli daşary ýurtly kärdeşleriniň we halypalarynyň ýolbaşçylygynda wajyp MT ugurlarynda iş alyp bardylar.
Amaly sapaklar, okuwlar we ussatlyk sapaklary rumyn uniwersitetiniň okuw-önümçilik barlaghanalarynda we şu okuw jaýy bilen hyzmatdaşlyk edýän «Tenaris», «Bosch» we «Emerson» kompaniýalarynyň önümçilik binalarynda geçirildi.
Tejribe döwründe türkmen topary maglumatlary gaýtadan işlemek ulgamynda dürli «akylly» enjamlaryň, hususan-da maglumat derňewi üçin maglumat we web-derňewine gönükdirilen «akylly» ulgamyň işleýşini öwrendiler.
Tejribe talyplaryň özbaşdak we köpçülikleýin iş ukyplarynyň ösmegine, olaryň öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin maglumatlary saýlamak hem ulgamlaşdyrmak we nazary bilimleri iş ýüzünde üstünlikli ulanmak ukybyna köp babatda goşant goşdy. Mundan başga-da, bu tejribä gatnaşmak talyplara öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini, häzirki zaman tehnikalarynyň we enjamlarynyň iň täze tehnologiýalaryny we işleýiş ýörelgelerini öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Türkmen ýokary okuw mekdebi bilen rumyn ýokary okuw mekdebiniň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk Ylalaşygynyň çäginde ylym we bilim, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamynda netijeli we öndürijilikli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen talyplary üçin tejribe we mobil okuwy yzygiderli guralýar, bu bolsa talyplaryň hünär ukyplaryny we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, öz institutynda alan tejribelerini we bilimlerini baýlaşdyrmaga kömek edýär.
Türkmen talyplary Rumyniýa saparyň barşynda halkara kompaniýalaryň wekillerine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Magtymguly – dünýäniň akyldary» kitaplaryny sowgat berdiler.
Kluž-Napokanyň Tehniki uniwersitetiniň halkara bölüminiň işgärleri we «Tenaris», «Bosch» we «Emerson» kompaniýalary bilen geçirilen duşuşykda türkmen ýokary mekdebinden gelen myhmanlar 2025-nji ýylyň Türkmenistanda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary mowzugynda tanyşdyryş geçirdiler. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we BMG tarapyndan giňden goldanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň ählumumy abadanlyk üçin düýpli halkara gepleşikleri güýçlendirmäge we bütindünýä Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge möhüm goşant goşýandygy bellendi.