Ï Orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan 12-nji synp okuwçylary üçin okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan 12-nji synp okuwçylary üçin okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 6327
Orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan 12-nji synp okuwçylary üçin okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň rus dilinde okadylýan 12-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi.

«Bütindünýä taryhy» atly täze okuw kitaby J.Hatamow we J.Gurbangeldiýew tarapyndan taýýarlanyldy.

Bu okuw kitaby dünýä taryhynyň häzirki döwrüni, has takygy, 2000-nji ýyldan 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli döwri öz içine alýar. Taryhy wakalaryň temalara görä yzygiderli beýan edilmegini üpjün etmek maksady bilen XX asyryň ikinji ýarymyndaky möhüm wakalar hem kitapda beýan edilýär.

Bu okuw kitabyň kömegi bilen bütindünýä taryhynyň sapaklarynda dünýäniň syýasy kartasynda XXI asyryň ilkinji çärýeginiň ahyryna çenli bolup geçen özgertmeler seljerilýär. Hususan-da mekdep okuwçylary birnäçe döwletleriň ösüş aýratynlyklaryny, dürli ýurtlaryň syýasy, ykdysady we medeni ösüşini, halkara gatnaşyklarynyň taryhyny hem-de beýleki temalary öwrenerler.

Okuw kitabynda dünýäniň döwletleriniň daşary syýasaty baradaky tema beýan edilende, daşary ýurtlaryň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän dostluk, parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty esasynda dünýäniň ýurtlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk nygtalýar.

Kitapda temalary has giňden açyp görkezýän hem-de okuwçylara geçilen sapaklary oňat özleşdirmäge mümkinçilik berjek goşmaça taryhy maglumatlar getirilýär. Dünýäniň geosyýasy gurluşy barada okuwçylaryň düşünjesini kemala getirmek we giňeltmek üçin täze neşirde degişli kartalar ýerleşdirilipdir. Kitapda statistiki maglumatlar, tablisalary düzmäge we doldurmaga degişli ýumuşlar getirilipdir. Mundan başga-da, dünýäniň dürli ýurtlarynyň öz döwrüniň durmuş-syýasy ýagdaýlaryna uly täsirini ýetiren döwlet we syýasy işgärler barada terjimehal maglumatlar berlipdir.

Awtorlar kitaby düzenlerinde okuwçylary özbaşdak pikirlenmäge, öwrenilen maglumatlary seljermäge we häzirki zaman taryhy wakalary, jemgyýetçilik-syýasy tendensiýalaryň üýtgemegi, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş kanunalaýyklyklary boýunça netijeleri çykarmagy öwretmegi maksat edinipdirler.

Ýakynda ýurduň orta mekdepleriniň rus dilinde okadylýan 12-nji synp okuwçylary üçin täze «Himiýa» okuw kitaby hem çapdan çykdy. Ony M.Amangulyýew, M.Nurgeldiýew we A.Şemekow taýýarladylar.

Bu okuw kitabynda okuw maksatnamasyna laýyklykda himiki reaksiýalar, olaryň klassifikasiýasy, geçiş mehanizmleri we ugurlary, metallaryň we metal dälleriň aýratynlyklary, periodik sistemadaky orny, olaryň alnyş usullary, metallaryň toparlary, organiki we mineral dökünleriň aýratynlyklary barada umumy maglumatlar getirilýär.

Şeýle hem täze neşiriň okuw materiallary himiki analizleriň esaslaryna, kationlaryň we anionlaryň klassifikasiýasyna, ýokary molekulýar birleşmelere, sintetik kauçuklara hem-de süýümlere bagyşlanypdyr. Mundan başga-da kitapda daşky gurşawyň hapalanmagy we ony goramak boýunça giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.

Okuw kitaby himiýa boýunça mekdep maksatnamasy, şeýle hem döwletde daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, galyndysyz önümçiligi giňeltmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmetaraplaýyn ösen ukyply ýaşlary taýýarlamak boýunça ileri tutulýan wezipeler göz öňünde tutulyp işlenilip düzülipdir.