Ï Hazar deňzinde düwlenler nädip peýda boldy?
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazar deňzinde düwlenler nädip peýda boldy?

view-icon 4695
Hazar deňzinde düwlenler nädip peýda boldy?

Hazar deňzinde düwlenleri öz tebigy ýaşaýyş şertlerinde görmek uly bagt. Kimde-kim bu jandary bir gezek gumly kenaryň boýnunda güne çykyp ýatan wagty gören bolsa, ýüreginde hoş duýgular galýar.

Emma bu üýtgeşik jandar Hazar deňzinde nädip peýda boldy? Alymlaryň pikiriçe, düwlenleriň gadymy ata-babalary buz döwründen öň Arktikada şol döwürde bar bolan derýa ýollary arkaly şu ýere gelipdirler. Wagtyň geçmegi bilen bu ýollar ýitip gidipdir we ýapyk deňziň içinde galypdyr.

Hazar düwlenleri ylymda başgaça «Hazar nerpasy» diýlip atlandyrylýar. Düwlenler Hazar deňzinde ýaşaýan üýtgeşik deňiz süýdemdirijisidir. Hazar düwlenleriň beden uzynlygy, ortaça, 120 – 150 santimetr, agramy bolsa 90 kilograma çenli ýetip bilýär.

Bu haýwanlaryň reňki ýaşyna görä üýtgeýär. Täze doglan düwlenleri «belok» diýip atlandyrýarlar we olaryň ýüňi doly ak bolýar. Ýetginjek düwlenleri – «siwari» diýlip atlandyrýarlar, olaryň reňki çal, ýüňleri gysga bolýar, emma eýýäm ene süýdünden peýda bolan ýag gatlagy emele gelýär. Uly düwlenler dürli ululykda, köp sanly gara tegmillidir. Ene düwlenler az tegmilli bolýar.

Düwlenler hakyky deňiz syýahatçylarydyr. Bahar paslynda olar Hazar deňzine guýulýan demirgazyk derýalaryň aşaky akymlaryndan deňziň günorta bölegine göçýärler. Olar bu ýol bilen, özleriniň iň süýji iýmiti bolan külke balyklary yzarlaýarlar. Iýmit gözläp, olar 90 metre çenli çuňluga çümüp bilýärler. Wagtlarynyň köpüsini suwda geçirýärler, kenarlarda we adalarda bolsa dynç almak üçin wagtlaýyn düşelgeler gurýarlar.

Türkmenistanda düwlenler Hazar döwlet tebigy goraghanasynda, şol sanda Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasynda özlerine pena tapýarlar.

2011-nji ýylda Hazar düwlenleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, soňra bolsa Gazagystanyň we Russiýanyň şuňa meňzeş neşirleriniň sanawyna hem goşuldy. Häzirki wagtda bu görnüş ähli Hazarýaka ýurtlarynyň Gyzyl kitaplarynda hem-de Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (IUCN) gyzyl sanawyna «örän howply ýagdaýdaky» görnüş hökmünde girizildi.

Şeýle-de bolsa, adamlaryň bu täsin jandarlara hormat goýup, olaryň goralmagynyň möhümdigini ýatladýan işleri göwnüňi galkyndyrýar. Gazagystanyň Aktau şäheriniň kenarýaka seýilgähinde Hazar düwlenlerine bagyşlanan heýkel dikeldildi, Türkmenistanda bolsa «Berkarar» myhmanhanasynyň (Awaza) ýanynda ene düwleni bilen onuň çagajyklarynyň owadan heýkelini görmek bolýar.

Her ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda, beýleki Hazarýaka döwletlerinde bolşy ýaly, Hazar deňziniň güni giňden bellenilýär. Şol gün Hazaryň tebigatyny goramaga gönükdirilen dürli ekologik çäreleri geçirilýär. Bu sene aýratyn ähmiýete eýedir, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) güýje girdi.