Ï Ahal welaýatynda mugallymlaryň gatnaşmagynda usuly-amaly okuwlar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal welaýatynda mugallymlaryň gatnaşmagynda usuly-amaly okuwlar geçirildi

view-icon 6760
Ahal welaýatynda mugallymlaryň gatnaşmagynda usuly-amaly okuwlar geçirildi

Ahal welaýatynyň mugallymlary üçin usuly-amaly okuwlar geçirildi. Okuwlar 11 – 13-nji awgust aralygynda guraldy.

Çärelere Babadaýhan etrabyndaky 17-nji, 19-njy, Kaka etrabyndaky 14-nji, 16-njy, 17-nji we Tejen etrabyndaky 41-nji umumy bilim berýän orta mekdepleriň «Taryh», «Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary», «Jemgyýeti öwreniş», «Türkmenistanyň medeni mirasy», «Dünýä medeniýeti» hem-de beýleki dersler boýunça mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle hem Kaka etrabyndaky matematika ugruna ýöriteleşdirilen 10-njy çagalar bagynyň terbiýeçileri üçin okuwlar geçirildi.

Usuly-amaly okuwlar Ahal welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň başlygy B.Çarlyýewiň hem-de bu müdirligiň başlygynyň orunbasary A.Gurbansähedowyň, Ahal welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň döwlet bilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär ýokarlandyryş merkeziniň baş hünärmenleriniň we beýleki hünärmenleriň işjeň gatnaşmagynda geçirildi.

Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri O.Meläýewa hem-de kafedranyň esasy ylmy işgäri G.Nuryýewa gatnaşyp, usulyýet kömegini berdiler.

Okuwlaryň dowamynda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, durmuş hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine esaslanan mekdep okuwçylarynyň terbiýesine we okatmagyň usulyýetine aýratyn üns berildi. Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň baý edebi we taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek boýunça işleri mundan beýläk-de alyp barmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Okuwçylary ylymlary öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek, dürli bäsleşiklere, olimpiadalara, ýaryşlara güýçli taýýarlamak boýunça işleriň geriminiň giňeldilmelidigine çärä gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.

Şeýle hem «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» babatda geljegi uly wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gürrüň edildi. Şunuň bilen baglylykda, mugallymçylyk ussatlygyny hemişe kämilleşdirmegiň, daşary ýurtlaryň hem-de milli iň oňat tejribelerini öwrenmegiň we ýaýratmagyň, okatmagyň ýokary netijeli häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň, dersleriň özara baglanyşygyny üpjün etmegiň, okuwçylarda amaly ukyp-başarnyklary ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy.

Mugallymlar bilen duşuşyklar guramaçylykly we netijeli geçdi. Bu çäreleriň geçirilmegi sazlaşykly ösen, zehinli ýaşlary terbiýelemek, okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek we höweslendirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribeleriň we innowasion usullaryň ulanylmagy arkaly okatmagy kämilleşdirmek, ösüp gelýän nesilleri halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli bilim bilen üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.