Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaplaryny taýýarladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaplaryny taýýarladylar

view-icon 2836
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaplaryny taýýarladylar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary ýurdumyzyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplaryny taýýarladylar. Kitaplar ýakynda Türkmenistanyň «Ylym» ylmy neşirýatynda çapdan çykdy. 

«Diwar abatlaýyş we örtme serişdeleriniň tehnologiýasy» atly okuw kitaby institutyň mugallymlary A.Agalykowa, M.Atahanowa we B.Serdarow tarapyndan taýýarlanyldy. Ol gurluşyk serişdeleriniň esasy häsiýetleri, olaryň gurluşyk we abatlaýyş işlerinde ulanylyşy hem-de maksady baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Şeýle hem kitapda esasan ýerli çig mallaryň ulanylmagy bilen bu serişdeleriň önümçiliginiň guralyşy baradaky meselelere garalýar. 

Täze neşir geljekki gurluşykçy-inženerleri taýýarlamakda esasy dersleriň biri bolan «Diwar abatlaýyş we örtme serişdeleriniň tehnologiýasy» dersi öwrenilende mugallymlar we talyplar üçin möhüm goldaw bolar. Kitap öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine, şeýle hem ykdysady seljermelere hem-de gurluşyk serişdeleriniň we gurnamalarynyň ulanylmagyna degişli giň gerimli temalary has çuňňur öwrenmäge we olara düşünmäge kömek eder. 

Okuw kitaby ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary üçin bolşy ýaly, Diýarymyzyň gurluşyk serişdelerini we önümlerini öndürýän kärhanalarynyň hünärmenleri üçin-de gymmatly gollanmadyr. 

Ýene-de bir okuw kitaby – «Ýerleriň inženerçilik taýdan abadanlaşdyrylyşy we ulag» atly kitap institutyň mugallymlary A.Gubaýewa we S.Haýdarow tarapyndan taýýarlanyldy. 

Bu kitapda awtorlar tarapyndan ýerlere tebigy şertler, fizika-geologiýa işleri we ýagdaýlary boýunça baha bermek, şeýle hem gurluşyk, şäheri ösdürmek we abadanlaşdyrmak üçin ýer böleklerini dogry saýlap almak baradaky meselelere giňişleýin seredilipdir. Temalar şähergurluşygyna, binalary gurmaga we abadanlaşdyrmaga bildirilýän talaplara laýyklykda beýan edilipdir hem-de tebigy şertlere şähergurluşyk taýdan baha bermegiň netijeleri hökmünde berlipdir. Kitapda anyk düşünjeleriň kömegi bilen möhüm tebigy alamatlar we oňaýly bolmadyk fiziki-geologik ýagdaýlaryň ýygylygy göz öňünde tutulyp, inženerçilik maksatlar üçin ýerlere baha bermegiň, olary seljermegiň we taýýarlamagyň wajypdygy düşündirilýär. 

Okuw kitaby tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem-de binagärlik, şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek, binagärlik gurşawynyň dizaýny we şäher gurluşygy hünärleri boýunça okaýan talyplar üçin peýdaly gollanma bolar.