Ï Türkmen ýokary okuw mekdebi talyplary filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadalara gatnaşmaga çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebi talyplary filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadalara gatnaşmaga çagyrýar

view-icon 1834
Türkmen ýokary okuw mekdebi talyplary filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadalara gatnaşmaga çagyrýar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda filosofiýa boýunça II halkara olimpiadanyň hem-de ykdysadyýet boýunça II halkara olimpiadanyň geçirilýändigi barada yglan etdi.

Olimpiadalar 20-nji oktýabrdan 24-nji oktýabr aralygynda bir tapgyrda şahsy bäsleşikler görnüşinde sanly ulgam arkaly geçiriler. Bäsleşikler türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar.

Olimpiadalara isleg bildirýän hemme talyplar gatnaşyp bilerler, ýokary okuw mekdeplerden gatnaşjak dalaşgärleriň möçberi çäksizdir.

Filosofiýa boýunça olimpiada gatnaşyjylar «A» (islendik hünär boýunça bilim alýan talyplar) we «B» (filosofiýany we jemgyýetçilik ylymlaryny öwrenmeýän talyplar) tapgyrda çykyş ederler.

Ykdysadyýet boýunça olimpiada gatnaşyjylar hem şonuň ýaly iki tapgyrda çykyş ederler. Taýýarlygyň dürli ugurlarynyň talyplary «A» tapgyra degişli bolarlar. Ykdysadyýet, maliýe, menejment we ekonometrika boýunça ýöriteleşmeýän talyplar «B» tapgyra gatnaşarlar.

Olimpiada gatnaşmak üçin bellige almak Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň saýtynda 12-nji oktýabra çenli açylandyr.

Gatnaşjak ýokary okuw mekdepler olimpiadanyň ýumuşlary hökmünde her ders boýunça 20 sany test sowallaryny hem-de nazaryýet boýunça 5 sany sowallary teklip edip bilerler. Takyk çözgütleri beýan edilen ýumuşlar olimpiadanyň geçirilýän senesine çenli 20 gün öňünden guramaçylyk toparyna iberilmelidir.

Goşmaça maglumatlar +993 12 39 85 50, +993 65 80 99 06 telefon belgileri we iuhdolympiads@gmail.com elektron salgy boýunça elýeterlidir.

Halkara olimpiadalar ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ösdürmek we goldamak, giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek, olary ylym we döredijilik işleri bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmek, talyplary hünäre ugrukdyrmak hem-de olaryň intellektual taýdan ösmegi üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Guramaçylar Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ähli gyzyklanma bildirýän talyplaryny ders bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýarlar hem-de geçiriljek bäsleşikleriň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine, şeýle hem ylmy bilimler we iş tejribeler bilen özara bähbitli alyşmalar üçin mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirýärler.