Ï Türkmenistanyň ýaşlary bilim saýlamada has köp lukmançylyga we maglumat tehnologiýalary ulgamyna ymtylýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlary bilim saýlamada has köp lukmançylyga we maglumat tehnologiýalary ulgamyna ymtylýarlar

view-icon 1808
Türkmenistanyň ýaşlary bilim saýlamada has köp lukmançylyga we maglumat tehnologiýalary ulgamyna ymtylýarlar

10-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat açyldy. Serginiň meýdançasynda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewa «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti tarapyndan berlen kwotalar boýunça ýokary bilim almaga karar beren türkmenistanly ýaşlaryň arasynda haýsy hünär ugurlarynyň öňdeligi eýeleýändigi barada gürrüň berdi.

Diplomatyň belleýşi ýaly, halkara sergi we ylmy maslahat Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümi üçin ýylyň esasy wakalarynyň biridir, sebäbi bu çärä däp boýunça Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň, gaznalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat uly wekiliýet gatnaşýar.

«Russiýa Federasiýasyndan dürli ugurlary görkezýän wekiller geldi. Bular bütin dünýäde meşhur bolan Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary instituty, Sankt-Peterburg döwlet senagat tehnologiýalary we dizaýn uniwersiteti, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Tümen döwlet instituty, Demirgazyk (Arktika) federal uniwersiteti, Ýaşlar diplomatiýasy akademiýasy we başgalardyr. Şonuň üçin sergä gelýänler Russiýanyň biliminiň dürli ugurlary bilen tanyşyp bilerler. Aşgabatdaky sergä we maslahata Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden, şol sanda uzak ýerlerden hem okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagy guwandyrýar» – diýip, Ý.Zaýsewa aýtdy.

Ol türkmenistanly ýaşlaryň arasynda düýpli rus bilimlerine, esasanam lukmançylyk we innowasion tehnologiýalara her ýyl uly islegiň bildirilýändigini tassyklady.

«Education in Russia» ulgamyna Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ugrunda berilýän 500 kwota üçin 2,5 müňden gowrak adam hasaba alynýar. Türkmenistanly dalaşgärleriň saýlap alýan ugurlarynyň arasynda lukmançylyk hünärleri, maglumat tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy öňdeligi eýeleýär. Olaryň yzyndan ykdysadyýet, pedagogiki ylymlar we lingwistika gelýär» – diýip, Russiýa Federasiýanyň ilçihanasynyň sekretary habar berdi.

Ý.Zaýsewanyň düşündirişi ýaly, bu maksatlar bilen Türkmenistan üçin hökümet kwotasynyň çäklerinde lukmançylyk hünärleri boýunça iň köp orun bölünip berilýär. Bu ylalaşyklar ýurdumyzyň iň islegli ugurlarynyň biridigini hasaba almak bilen, ýokary derejeli duşuşyklaryň dowamynda gazanyldy.

«Men munuň örän oňyn we şol bir wagtyň özünde-de netijeli faktor bolup durýandygyna ynanýaryn. Gysga wagtdan doly derejeli lukmançylyk bilimini alýan ýaşlar Türkmenistana dolanyp gelerler we bu bilimlerini ýurt boýunça häzirki wagtda işjeň gurulýan täze ýokary tehnologiýaly lukmançylyk merkezlerinde iş ýüzünde ulanyp bilerler» – diýip, diplomat hasap edýär.

Biziň söhbetdeşimiz geljek 2026-2027-nji okuw ýyly üçin hökümet kwotasynyň çäklerinde rus dili boýunça ýarym ýyla çenli möhletli gündizki-gaýybana görnüşde goşmaça hünär bilimleriniň giň toplumynyň göz öňünde tutulýandygyny hem paýlaşdy. Russiýanyň dürli sebitlerindäki köp sanly ýokary okuw mekdepleri öz maksatnamalaryny hödürlärler. Ýuliýa Zaýsewa munuň öz işlerinde rus dilini ulanýan talyplar, mugallymlar we gullukçylar üçin ajaýyp mümkinçilik boljakdygyny goşdy.

Halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň birinji güni tamamlanandan soň, rus tarapy bilen üç resminama gol çekilendigini bellik etmek gerekdir: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmykiýa döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «Kazan döwlet lukmançylyk uniwersiteti» federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk.

12-nji oktýabra çenli dowam etjek bu pudaklaýyn forum Türkmenistanyň giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk arkaly milli bilimi ösdürmäge gönükdirilen strategik ugruny ýene bir gezek tassyklady.