Ï Türkmen döwlet maliýe instituty ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet maliýe instituty ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirer

view-icon 1864
Türkmen döwlet maliýe instituty ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirer

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň milli puly – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça VII olimpiadany geçirer.

Olimpiada gatnaşmaga Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýarlar. Her ýokary okuw mekdepden dört talyp gatnaşyp biler.

Olimpiada 28-nji oktýabrda 15:00-da onlaýn görnüşde geçiriler. Bäsleşige gatnaşyjylar üçin ykdysadyýetiň nazaryýeti, makroykdysadyýet, pul-karz ulgamy boýunça test sowallaryň 50-si taýýarlanyldy. Her dogry jogaba 2 utuk hökmünde baha berler. Degişlilikde, 100 utuk mümkin bolan iň ýokary netijedir. Olimpiadanyň netijeleri toplanan utuklaryň jemi boýunça şahsy we toparlaýyn hasaplarda jemleniler. 

Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Olimpiada gatnaşmak isleýänler 25-nji oktýabra çenli talyplar hem-de olaryň ýolbaşçylary baradaky maglumatlar beýan edilen haýyşnamany info@tdmai.edu.tm elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidirler. Goşmaça maglumatlar +99365651244; +99363249950 telefon belgiler boýunça elýeterlidir. 

Türkmen döwlet maliýe instituty 1-nji noýabrda Türkmenistanda bellenilýän milli puluň dolanyşyga girizilen güni mynasybetli talyplaryň arasynda olimpiadany her ýyl üstünlikli geçirýär. 

Ders bäsleşiginiň geçirilmegi köp babatda talyplaryň nazary bilimleriniň we iş başarnyklarynyň berkemegine, olaryň hünär ukyplarynyň ösmegine, şeýle hem ýaşlaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge, ukyp-başarnykly, zehinli we işjeň ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder. 

Mundan başga-da, olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we ýola goýmak, gymmatly tejribeleri, täze pikirleri we peýdaly bilimleri özara alyşmak üçin netijeli meýdança bolup durýar.