Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň resmi taýdan täze agzalygyna saýlandy.
Degişli çözgüt assosiasiýanyň ýolbaşçylary tarapyndan 16 – 17-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Atyrau şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň XXVII Baş Assambleýasynyň çäklerinde kabul edildi.
Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň assosiasiýanyň agzalygyna girmegi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň uniwersitetleri we ylmy-barlag institutlary bilen akademiki we ylmy aragatnaşyklary berkitmek, bilelikdäki ylmy-barlag başlangyçlary durmuşa geçirmek we tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Bu waka Türkmenistanyň ýokary lukmançylyk bilimi ulgamynyň halkara derejesinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak we abraýyny artdyrmak ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Assambleýanyň «Hazar ekoulgamy: ylmyň we bilimiň integrasiýasy» diýen at bilen geçen mejlisine Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Russiýanyň uniwersitetleriniň hem-de ylmy-barlag edaralarynyň wekilleriniň gatnaşandygyny bellemek gerek.
Assambleýada Hazar sebitiniň ýurtlarynyň wekilleriniň beýan eden möhüm başlangyçlarynyň we pikirleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy «Dostmuhammet okaýyşlary – 2025: Ylmyň we bilimiň ösüşinde häzirki zaman innowasiýalar we emeli aň» diýen halkara ylmy-amaly maslahatyň barşynda dowam etdi.