Türkmenistanda mugallymlar üçin «Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşlyk we bilim hem-de oýunlar toplumyny «Howa gutujygy» bilim guramalarynda amaly taýdan ulanmak» atly täze okuw moduly hödürlendi.
2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilýän BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Daşoguz welaýatynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň we şäherden halkara howa menziline barýan gara ýoluň ugrunda tapgyrlaýyn gurulýan beýleki desgalaryň gurluşygynyň birinji nobaty tamamlaýjy tapgyra girdi. Şu güne çenli bu ýerde gurluşyk we gurnama işleri tamamlandy diýen ýaly.
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda hereket edýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän keramiki bezeg önümlerine isleg barha ýokarlanýar.