30.08.2023
4823
Türkmenistanyň teatrlary sahna oýunlaryna tomaşa etmäge çagyrýar
Bilimler we talyp ýaşlar gününi bellemek bilen güýz paslynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň teatrlarynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çykyşlary köpçülige hödürlener.
30.08.2023
6644
Ýokary hilli tohum – bol hasylyň girewi
130 müň gektar ýere tohum sepip, ak bugdaýyň bol hasylyny almagy maksat edinýän lebaply daýhanlar tarapyndan geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
30.08.2023
5431
Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisinde görkeziler
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň on sany muzeý hünärmenlerinden ybarat wekiliýeti «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisine gatnaşar.
30.08.2023
16040
«Ak hünji» hususy kärhanasy öz önümleriniň görnüşini artdyrýar
2009-njy ýylda döredilen «Ak hünji» hususy kärhanasy, Türkmenistanyň gurluşyk harytlaryň bazarynda giňeldilen polistiroldan (EPS) ýylylyk izolýasiýasyny we bezeg harytlaryň, şeýle hem sendwiç panellerini öňdebaryjy öndüriji hökmünde özüni tanatdy.
29.08.2023
4017
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
29.08.2023
4968
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
29.08.2023
6889
Ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli daşary syýasaty we abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary we anyk işleri netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar hem-de pugtalanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häzirki wagtda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen uly üstünlikler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylky mejlisleriniň işine işjeň gatnaşýandygy aýratyn bellärliklidir.
29.08.2023
5060
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
29.08.2023
6158
Astrahanda türkmen milli sazlary ýaňlandy
Türkmenistanyň tanymal artistleri «Hazar möwsümleri» atly halkara nusgawy sungat festiwalynyň çäginde Astrahan filarmoniýasynyň sahnasynda çykyş etdiler.
29.08.2023
6461
Aziýa tennis federasiýasynyň ýolbaşçylary Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynyň guralyşyna ýokary baha berdiler
Aziýa tennis federasiýasy (ATF) Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýa toparlaýyn çempionatynyň guralyşyna ýokary baha berdi. Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) ýolbaşçylary şu ýylyň iýunynda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen sebit çempionatynyň tennis ýaryşlaryny guramagyň ajap mysalydygyny bellediler. Bu barada ATF-nyň Aziýada sportuň şu görnüşini ösdürmek boýunça milli assosiýasiýalaryň ýolbaşçylary üçin Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) guralan halkara seminarynda habar berildi.