20.08.2023
5693
Türkmenistanyň Prezidentiniň Wengriýa iş sapary başlandy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Wengriýa ugrady. Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, Prezidentimiziň uçary Wengriýanyň paýtagtynyň «Ferens List» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi wekiller garşyladylar.
19.08.2023
4622
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýada geçirilýän sport baýramçylygyna çagyryldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka — Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy.
19.08.2023
4475
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.
19.08.2023
4570
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýada geçirilýän sport baýramçylygyna çagyryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka — Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy.
19.08.2023
16123
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
19.08.2023
5267
Mary welaýatyň nakgaşlarynyň döredijiligi ýene-de özüne maýyl etdi
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde Mary welaýatynda doglan iki nakgaşyň – Allaberdi Öwezdurdyýewiň we Batyr Hajyýewiň eserleriniň sergisi açyldy. Olaryň eserleri sungat söýüjileriň ünsüni aýratyn özüne çekýär.
18.08.2023
187695
Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan şahyrana eseriniň tanyşdyrylyşy
Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly dabaraly maslahat geçirildi.
18.08.2023
9727
«Sagdyn bedende — sagdyn ruh»: Türkmenistanyň sport mekdebi çagalary okuwa çagyrýar
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebi saglygyny gowulandyrmak we Milli sport hereketine goşulmak isleýänleriň okuwa alynýandygyny yglan etdi. Kabul edişlik 2023-nji ýylyň 21-25-nji awgusty aralygynda geçiriler.
18.08.2023
8829
Orta hünär okuw mekdeplerinde resminamalary kabul ediş möwsümi dowam edýär
Türkmenistanyň hünär bilim ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýeti we durmuş ulgamynyň ähli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlaýar.
18.08.2023
6882
Miwe we gök önümlerden bol hasyl ýygnaldy
Tomus paslynda ýurdymyzyň Daşoguz welaýatynda on iki müň tonnadan gowrak hyýar, ýigrimi dört müň tonnadan gowrak pomidor, on müň tonna kelem, on üç müň tonnadan gowrak käşir ýygnaldy.