01.08.2023
9662
Döwlet serhediniň meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek Hökümetara toparynyň Türkmen bölegi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek bilen baglanyşykly meselelere seretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
01.08.2023
8270
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy we şu ministrlik hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
«Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 240-njy Permanyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy, şeýle hem bu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
01.08.2023
9056
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy we şu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy
«Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 240-njy Permanyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy, şeýle hem bu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
01.08.2023
5717
Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy ösüşiň strategiýasy
Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialoga hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň, şeýle-de diplomatiýasynyň strategik ugry bolup durýar.
01.08.2023
7245
«Döwlet gurluşyk» Aşgabat şäherinde täze medeni merkezini gurar
Awgust aýynda Aşgabatda dört müň orunlyk köp ugurly medeni merkeziň gurluşygy başlar we 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanylmaga berler.
31.07.2023
4230
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi.
31.07.2023
3741
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Alen Berse Şweýsariýanyň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
31.07.2023
5335
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Bajaur etrabynyň Kar şäherinde bolup geçen partlamanyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
31.07.2023
9952
Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi bellenildi
Şadurdy Öweznepesowiç Meredowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky (Bişkek şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmaly.
31.07.2023
10091
Aşgabat şäherinde 23-28-nji noýabry aralygynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler
Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.