21.07.2023
5502
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.
21.07.2023
9090
Towuk etinden gaplama önümler öndürilýär
«Kenguru» hususy kärhanasy gaplanan towuk etiniň önümçiligini ýola goýdy.
21.07.2023
5579
Gahryman Arkadagymyz ýaşlar syýasatynda we lukmançylyk pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasy bilen ýaşlar syýasaty we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy. Gahryman Arkadagymyz degişli başlangyçlary Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen geçirilen gepleşiklerde öňe sürdi.
21.07.2023
5665
Braziliýanyň ilçisi ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly täze bellenen wekili Rubem Antonio Korrea Barboza ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň wekilleri bilen duşuşdy.
21.07.2023
5552
Türkmenistanyň Dohada geçiriljek «EXPO-2023» halkara sergisine gatnaşmagy baradaky şertnama gol çekildi
Bu resminama Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Katar döwletine iş sapary dowamynda gol çekildi. Bu barada TSSE-niň saýtynda habar berilýär.
21.07.2023
4609
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Alýat portunyň arasynda konteýnerli ýük daşamak ösdürilýar
Ýylyň birinji ýarymynda Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Alýat (Azerbaýjan Respublikasy) portlarynyň arasynda konteýnerli daşalan ýüküň möçberi esli artdy. «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda bu ugurda daşalan konteýnerleriň umumy sany 2362 TEU bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,9 esse köpdür. Häzirki wagtda «Balkan» fider gämisi Türkmenbaşy portundan Alýat portuna we yzyna konteýnerli ýük daşamagy dowam etdirmek bilen, şu usulda daşalýan ýüküň möçberini artdyrýar.
20.07.2023
12189
Ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy — ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň möhüm şerti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
20.07.2023
5506
Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň ähli halkyna Belgiýanyň milli baýramy — Patyşanyň kasam eden güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
20.07.2023
6186
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
20.07.2023
4509
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.