02.02.2023
7283
Daşary ýurt dilleri boyunça bäsleşik geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynmagy esasynda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli gönüşdäki gysga möhletli okuwlary gurayan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boyunça döwlet bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.
02.02.2023
6052
Balkanyň «Guwlyduz» kärhanasy geçen ýyly zähmet üstünliklerine besledi
Ýurdumyzyň ilatyny ýodlaşdyrylan nahar duzy, şol bir wagtda hem ykdysadyýetimiziň dürli önümçilik pudaklaryny giňden peýdalanylýan önümçilik maksatly duz bilen üpjün etmek Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň «Guwlyduz» kärhanasynyň işçileridir hünärmenleriniň öňünde durýan esasy wezipelerdir.
02.02.2023
12137
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda fewral aýynda iki olimpiada geçiriler
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kompýuter grafikasy we himiýa boýunça olimpiadalary guraýar.
02.02.2023
4404
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň geljegi hem-de ösüş mümkinçiligi
2022-nji ýylyň jemi boýunça Türkmenistan Özbegistan bilen söwda dolanyşygynda esasy dokuz ýurduň arasynda öz tutýan ornuny saklap galdy.
02.02.2023
5011
Türkmenistanyň wekilleri ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşdylar
ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býuorysynyň (DIAHB) edarasynda üç günlük ýöriteleşdirilen okuw geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Adalatçysynyň, Içeri işler ministrliginiň, Ýokary Kazyýetiň we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň «Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerini ösdürmäge goldaw» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde guraldy.
01.02.2023
14021
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Gurluşyk, senagat we elektrik energetikasy toplumy
Ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän möhüm ulgamy hökmünde ykrar edilen gurluşyk we senagat toplumy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» yzygiderli durmuşa geçirmekde wajyp orny eýeleýär. Syn berilýän ýylda ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş we sport maksatly desgalar, seýilgähler we beýleki köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bularyň ählisi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
01.02.2023
4220
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Peşewar şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
01.02.2023
2878
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siz döwlet işiňizde Türkmenistanyň halkynyň goldawyna we belent hormatyna eýe bolan parasatly syýasatçy, güýçli ýolbaşçy hökmünde tanaldyňyz. Ýurduň syýasy, durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandyňyz hem bimöçberdir.
01.02.2023
7532
Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi
Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde döwlet özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.
01.02.2023
7869
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: üçünji oýna taýýarlyk
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebi we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamanyň ikinji möwsümine gatnaşjaklar nobatdaky gezek duşuşarlar.