11.01.2023
4922
Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini döretmek göz öňünde tutulýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň HHR-a döwlet saparynyň netijesi boýunça gol çekilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda 2023 – 2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirlendir.
11.01.2023
5258
Türkmenistanda ýaşlaryň innowasion başlangyç taslamalarynyň bäsleşigi geçirildi
Aşgabatda ýaşlaryň innowasion başlangyç taslamalarynyň tamamlaýjy bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşiginiň «Ekoulgam başlangyjy – 2022» maksatnamasynyň we USAID-iň Häzirki zaman hünär endiklerini ösdürme taslamasynyň (YDA) çäginde geçirildi.
11.01.2023
7861
Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni bellenildi
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde her ýyl 10-njy ýanwarda bellenilýän Bütindünýä hindi dili gününi baýram etdi.
10.01.2023
7167
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Nebitgaz toplumy
Türkmenistanyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän syýasat ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir.
10.01.2023
9655
Türkmen kärhanasy çaga welosipedini öndürip başlar
«Türkmen şöhle» HJ ýakyn wagtda çaga welosipedini we polipropilen oturgyç öndürip başlar. Welosipedler 3 – 5 ýaş aralygyndaky çagalar üçin niýetlenip, «Şöhle plastik» ýarlygy astynda öndüriler.
10.01.2023
14800
Nury Halmämmedow: «Keçpelek» filmine sazyň döreýşi
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda türkmen sazyny dünýä derejesine çykaran türkmen kompozitory Nury Halmämmedowa bagyşlanan we täzelenen «Köňül tarlary» spektaklynyň ilkinji görkezilişi köp adamly boldy.
10.01.2023
7366
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
10.01.2023
10087
Ilkinji gar – tebigatyň peşgeşi
2023-nji ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Aşgabatda ilkinji gar ýagdy.
10.01.2023
7543
Kiçi telekeçiligiň uly mümkinçiligi
Türkmenistanyň demirgazygynda azyk önümleri üçin sebit boýunça ilkinji hususy ammar işläp başlady.
10.01.2023
5929
«Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
Aşgabat halkara hepdeliginiň çäginde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy «Parahatçylyk medeniýeti» gün tertibiniň 14-nji bendine laýyklykda BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi (A/77/651).