09.12.2022
12573
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Halkara habarlar merkezini açyp, komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
09.12.2022
5934
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ugry boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
09.12.2022
5042
Wise-premýer R.Meredow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandyryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurduň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy.
09.12.2022
5425
Milli sanly toruny döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş topary döredildi
Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly tory döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Milli sanly tory döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Milli sanly tory döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
09.12.2022
2652
Daşary ýurtlaryň wezipä täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Wengriýanyň, Latwiýa Respublikasynyň, Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi.
09.12.2022
2847
Milli Geňeşiň Mejlisinde duşuşyk
Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen bolan duşuşygynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
09.12.2022
4688
Asylly zähmet däbine görä
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky “Çeper” tikin fabriginiň işgärleri 2022-nji ýyly üstünlikli tamamlaýarlar. Häzirki wagta çenli ýerli tikinçiler 11 million manatlyk önüm öndürdi, bu bolsa ýyllyk tabşyrykdan ep-esli köpdür.
09.12.2022
7163
Ak Bugdaý etrabynda ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 6-sy dabaraly ýagdaýda açyldy
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň çäginde 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 6-sy dabaraly ýagdaýda açyldy.
09.12.2022
14056
Biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi.
09.12.2022
8629
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bitaraplyga bagyşlanan kitap sergisini gurady
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda milli, sebitleýin we dünýä derejesinde ýurdumyzyň bitaraplygynyň taryhy, aýratynlyklary we ähmiýeti barada dürli neşirleri hödürleýän kitap sergisi açyldy.