01.11.2022
5137
Süýji hasyl ýygnalýar
Mary welaýatynyň ekerançylary oba hojalyk ýylynyň iň soňky hem iň süýji hasylyny- gant şugundyryny ýygnamaga girişdiler. Bugdaýdan boşan meýdanlara iýun aýynyň aýaklaryna ekilen, agrotehniki talaplara laýyk ideg edilen bu aralyk ekin 120-130 günüň içinde kemsiz ýetişdi.
01.11.2022
6100
Gaýtadan işlenen çig maldan önüm almagyň täzeçil usullary boýunça bäsleşigiň netijeleri yglan edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Bütindünýä şäherler güni mynasybetli gaýtadan işlenen çig maldan önüm almagyň täzeçil usullary boýunça BMGÖM bilen bilelikde yglan eden bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.
01.11.2022
9820
«Parahatçylyk dilleri» atly ylmy-amaly maslahaty
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplaryň «Parahatçylyk dilleri» atly ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.
31.10.2022
6340
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
31.10.2022
4054
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
31.10.2022
4334
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
31.10.2022
3782
Türkmen-pakistan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrylýar
Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
31.10.2022
5986
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
31.10.2022
4511
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
31.10.2022
31436
Goňurdepe – Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri
Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynda Garagum çölüniň çäge gatlaklarynyň astynda galan, bürünç eýýamynyň uly şäheriniň açylmagynyň ýyl dönümine bagyşlanan «Türkmenistan: Goňurdepe – Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri» atly açyk sapak boldy.