20.10.2022
4611
Türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Sagathanuly Aşimbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
20.10.2022
4939
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
Şu gün agşam Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
20.10.2022
5318
Halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işleriň çäklerinde utgaşykly görnüşde halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi.
20.10.2022
3395
Ildeşlerimiz ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa netijeliligi babatyndaky tejribäni özleşdirýär
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde geçirilen şäher gurşawynyň durnukly ösüş faktory hökmünde ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa netijeliligi boýunça okuw tapgyry tamamlandy.
20.10.2022
5656
Amatly şäher gurşawy
Döwrebap şäher gurluşygynyň talaplaryna laýyklykda Daşoguz şäherinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
19.10.2022
26520
Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, suw akabalarynyň arassalanylmagyny, ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegini hem-de olaryň şorlaşmagynyň öňüniň alynmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
19.10.2022
6547
«Köpetdag» bilen «Merw» futbol toparlarynyň duşuşyklarynda hasap açylmady
Türkmenistanyň ýokary ligasynyň toparlarynyň arasyndaky futbol çempionatynyň 15-nji tapgyry Aşgabatda «Köpetdag» we «Merw» oýny bilen başlandy.
19.10.2022
9129
Baýramdurdy Nuryýewiň surat sergisi
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Baýramdurdy Nuryýewiň 55 yaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy surat sergisi açyldy.
19.10.2022
12007
Gözel Sumbaryň nary
Şu günler Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri dürli miweli baglarda ýetişdirilen hasyllary ýygnamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar.
19.10.2022
5602
Türkmenistanyň wekiliýeti terrorçylyk boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşdy
2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde «Serhet howpsuzlygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhet gözegçiligi ugurlaryndaky halkara we sebit hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.