06.10.2022
5215
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
06.10.2022
23022
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ýörelgeleri
Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy açyldy. BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milletler Bileleşigi bilen yzygiderli alnyp barylýan köpýyllyk dialogyň strategik häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
06.10.2022
10883
«Ahal» topary öňdeligi eýeleýär
«Ahal» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň jemleýji oýnunda paýtagtymyzyň «Köpetdagyny» 4:2 hasabynda utup, öz ýakyn bäsdeşi «Altyn asyr» bilen 5 utuk aratapawut gazandylar.
06.10.2022
9711
Ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň kluby açyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň açylyşy boldy. Bu taslama Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň we Ýokary diplomatiýa mekdebiniň bilelikde gatnaşmagynda döredildi.
06.10.2022
5698
Türkmenistanyň wekiliýeti IKAO guramasynyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy
Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Orazow 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 7-nji oktýabry aralygynda Kandanyň Monreal şäherinde geçirilýän IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
06.10.2022
9040
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýiniň sergi zalynda Hatyra gününe gabatlanyp, türkmen nakgaşlarynyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň we söweş meýdanynda wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy.
05.10.2022
6017
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz türkmen döwletinde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
05.10.2022
4943
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
05.10.2022
3219
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Size hem-de ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
05.10.2022
7484
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň taslamasyna garaldy
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeri kesgitlenildi.