20.09.2022
6026
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi.
20.09.2022
8570
Türkmenistan häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgüdi boýunça täze başlangyçlary öňe sürýär
Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu şanly baýram hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk döredijilik we ösüş syýasatynyň dabaralanmagynyň nyşany boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň belent münberinden öňe süren täze başlangyçlaryna beslenen geçen hepdäniň wakalary munuň aýdyň beýanydyr. Olar ýurdumyzyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişliginde ornunyň barha pugtalanýandygyna, Watanymyzyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.
20.09.2022
8971
Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasyndan iki sany täze ýük teplowozy gelip gowuşdy. «CRRC Ziyang Co» zawodynyň ygtybarlylygy hem-de ýokary ýük çekijiligi bilen tapawutlanýan teplowozlarynyň satyn alynmagy şu ýylyň ýanwar aýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellän iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.
20.09.2022
7666
Türkmenistanly iş eşiklerini öndürijiler ykdysady gazanylanlaryň sergisine gatnaşýarlar
Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi işe başlady.
20.09.2022
4167
Türkmenistanda gender syýasatynyň meseleleri boýunça maslahat geçdi
Lebap welaýatynda ýurtda gender geljegine goşulyşmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin tegelek stol geçirildi.
20.09.2022
6358
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy
Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň iki günlük sergisi öz işine başlady.
20.09.2022
7122
Türkmenistanda durmuş taýdan gorag ulgamy kämilleşdirilýär
BMG-niň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň şu ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde durmuş taýdan gorag boýunça hünärmenler üçin guralan okuw tapgyrlary tamamlandy.
20.09.2022
8698
Ýerli çig maldan peýdalanyp
Daşoguz şäherinde ýerleşýän HJ «Kämil gurujy» plastiki gaplary öndüriji kiçi zawody ýylyň başyndan bäri Russiýa 300 tonnadan göwrak önümi eksport etdi.
20.09.2022
6873
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň «Täze dünýäden» atly konserti geçirildi.
20.09.2022
10251
Ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany artýar
Täze – 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen Daşoguz welaýatynda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän orta mekdepleriň sany artdy.