17.08.2022
7604
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana Ýerewan şäherindäki “Surmalu” söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.
17.08.2022
8444
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat dünýä bileleşigini ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamyndaky maýa goýumlaryny artdyrmaga çagyrdy
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat dünýä bileleşigini ulag gatnawlaryny ösdürmekde her ýylky maýa goýumlaryny pesinden iki esse artdyrmaga çagyrdy.
17.08.2022
6666
Aşgabadyň teatrlarynda ýakynda görkeziljek oýunlar
Teatr möwsüminiň açylmagyna şähelçe wagt galdy. Teatrlaryň döredijilik toparlary tomus dynç alyşdan soň teatr muşdaklaryny täze oýunlar bilen garşylarlar.
17.08.2022
8246
Bugdaý ekişine taýýarlyk görülýär
Mary welaýatynyň daýhanlary güýzlük bugdaý ekişinde 170 müň gektara ak ekin ekmegi meýilleşdirýärler. Ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň guralyşyna we hiline “Mary obahyzmat”, “Marygalla” önümçilik birleşikleriniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň hünärmenleri ykjam gözegçilik edýärler.
17.08.2022
6293
Önümleri saklamaga niýetlenen bina guruldy
Daşoguz welaýatynda oba hojalyk önümlerini saklamak üçin sebitde ilkinji döwrebap sowadyjy ammar guruldy. Ony Daşoguz welaýatyndan,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew bina etdi.
17.08.2022
9482
Türkmen agyr atletikaçylary V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda 13 medal eýelediler
Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda dürli derejeli medallaryň 13-sini gazandylar.
16.08.2022
7944
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo we ýurduň halkyna Indoneziýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
16.08.2022
7833
Türkmenistanyň başlangyçlary ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.
16.08.2022
12117
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasy
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleri hem-de ýokary wezipeli wekilleri 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda beýleki gyzyklanma bildirýän degişli taraplaryň, üstaşyr, ösüş boýunça hyzmatdaş ösüp barýan döwletleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň, halkara, sebit hem-de sebitara guramalarynyň, sebit ösüş banklarynyň, seljermeler merkezleriniň, hususy bölümiň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Awazada (Türkmenistan, Türkmenbaşy şäheri) ýüzbe-ýüz (hem-de wirtual görnüşde) duşuşdylar.
16.08.2022
6665
Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.