27.07.2022
7154
Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi
2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň wekiliýeti gatnaşdylar.
27.07.2022
6452
Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdylar
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň woleýbolçylary ýarym finalda Özbegistanyň toparyny 3:0 (25:20, 25:10, 25:15) hasabynda utup, Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdylar.
27.07.2022
6604
Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda
I. 2008-nji ýylyň 3-nji martynda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 18-nji madda; 2018 ý., № 4, 99-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 137-nji madda) şu üýtgetmäni we goşmaçany girizmeli:
27.07.2022
8637
Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:
27.07.2022
16980
Türkmenistanyň Kanuny Elektron hökümet hakynda
Şu Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
27.07.2022
13833
Elektron hökümet sanly ulgamyň özgermegine giň mümkinçilikleri açýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgelerden ugur alýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň durmuş-ykdysady ösüş babatyndaky strategiýasynyň esasy wezipesi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
26.07.2022
6934
Parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen dördünji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynyň barşynda häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamalaryny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary taýýarlaýandygyny aýtdy we bu teklipleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.
26.07.2022
9985
Ösüşiň täze belentliklerine tarap
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylan «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy türkmen, rus, iňlis dillerinde çapdan çykdy. Neşirde türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän 2020-nji ýylyň has möhüm materiallarydyr makalalary ýygnalyp, olarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz beýanyny tapdy.
26.07.2022
11236
Täze köpri gurlar
Ukrainanyň «Altkom» gurluşyk kompaniýasy meşhur Garabogaz kölüni Hazar deňzi bilen birleşdirýän bogazyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygyna başlar.
26.07.2022
6262
Önümçiligiň möçberi artýar
Ýurdumyzyň demirgazygynda kösükli ekinleriň ekişi öz wagtynda tamamlandy.