28.06.2022
13373
Türkmeniň erkin göreş pälwany Aziýa (U23) ýaşlar çempionlygynda kümüş medal gazandy
Erkin usulda göreş tutýan türkmen pälwany Zyýamuhammet Saparow Bişkekde tamamlanan 23 ýaşa ýetmedik ýaşlaryň arasyndaky çempionatda kümüş medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 22 ýaşly 4-nji ýyl talyby 5 türgeniň bäsleşýän 125 kg çenli agram toparynda çykyş edip, bu medala mynasyp boldy.
28.06.2022
6709
Türkmen küştçüsi «Çeşme Open» halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Türkmenistanly 23 ýaşly halkara küşt ussady Saparmyrat Atabaýew Izmirde (Türkiýe) tamamlanan «Çeşme Open» halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
28.06.2022
4662
Hanoýda Türkmenistanyň wekiliýeti Wýetnamyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 1-nji iýulyna çenli Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna sapary amala aşyrýar.
28.06.2022
8931
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen dabara
Türkmen döwlet maliýe institutynda dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäginde ylmy-amaly maslahat geçirildi we okuw ýylynyň jemleri jemlendi.
27.06.2022
7187
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk konsertine gatnaşdy
Şu gün tutuş ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň möçberli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen döredijilik agşamyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
27.06.2022
3516
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
27.06.2022
3247
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
27.06.2022
4654
Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.
27.06.2022
3248
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
27.06.2022
3228
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.