20.05.2022
6929
Türkmenistanda dostlukly döwletiň Baştutany hatyralandy
Şu gün Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.
20.05.2022
9332
«Şagadam» futbol boýunça Balkan wealýatynyň Kubogyny eýeledi
Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary Balkanabatda tamamlanan bir aýlawly futbol boýunça Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi.
20.05.2022
7501
Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
20.05.2022
7112
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
19.05.2022
6590
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow aýtdy.
19.05.2022
5573
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy.
19.05.2022
4056
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Siziň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Bu wezipä saýlanylmagyňyz Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň agzalarynyň Siziň sport gymmatlyklaryny we Olimpiýa hereketini ilerletmäge ygrarlydygyňyzyň nyşany hökmünde bildiren ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
19.05.2022
8259
Türkmenistan — Tatarystan: Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlap
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
19.05.2022
7630
Uzynadadaky täze guýunyň geljegi uly
«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinde bu gün netijeli işler alnyp barylýar. Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary has-da öndürijilikli zähmet çekmek bilen mynasyp işleri bitirýärler.
19.05.2022
7506
Töwekgelçilikleriň öňüni almak işlerine syn bermek boýunça sebitleýin okuw maslahaty
2022-nji ýylyň 17-19-njy maýy aralygynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda BOMCA 10 maksatnamasynyň çäklerinde töwekgelçilikleriň öňüni almak işlerine syn bermek boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.