17.05.2022
6383
Türkmenistan bilen BAE-nyň hyzmatdaşlygy ösdürilýär
2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýegiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
17.05.2022
5560
Babadaýhanlaryň gujurly zähmeti
Diýarymyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak we içerki bazarlary özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekarançylary ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar.
17.05.2022
23322
Bank karty arkaly ýol tölegi geçirilýär
Aşgabadyň ýolagçy ulaglarynda indi «Altyn asyr» we «Maşgala» katlary arkaly ýol tölegini geçirip bolýar.
17.05.2022
8933
Kazyýetiň täze binasy açyldy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň uly dabaralara beslenip bellenilýän günlerinde Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň işgärleri ajaýyp toý sowgadyny aldylar. Bu ýerde şanly baýramyň öňüsyrasynda iki gatly, ähli amatlyklary bolan edara binasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
16.05.2022
5353
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V hem-de ýurduň ähli halkyna Norwegiýanyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
16.05.2022
6107
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
16.05.2022
6923
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
16.05.2022
7423
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
16.05.2022
8880
Köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda şu gün bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi.
16.05.2022
7801
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 203 müň dollaryna deň boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.