21.07.2021
34039
Törebeg hanymyň aramgähi Köneürgenç şäheriniň binagärliginiň ýene bir ajaýyp eseridir
Törebeg hanymyň aramgähi binagärlik we mozaika sungatynyň ajaýyp eseri hasaplanýar. Bu binagärlik ýadygärligi diwarlary reňkli mozaika bilen bol bezelen takmynan 100 inedördül metr meýdany tutýan belentden ýagty alty gyraňly zaly bilen göreni haýran edýär.
21.07.2021
15219
«Maksada okgunly»: öý guşlaryny köpeltmegiň täze tehnologiýalary
“Maksada okgunly” hususy kärhananyň hindi guşlaryny köpeltmek toplumynda 12 müň jüýje saklamak üçin niýetlenen üç sany ketegiň gurluşygy tamamlandy. Olar Germaniýanyň “Prollage Systeme CmbH” we “Witte Anlagenbau CmbH. & Co. KS” şereketleriniň iň täze döwrebap enjamlary bilen abzallaşdyrylyp, jaýyň içiniň mikroklimatyny, guşlara iýmdir suw bermek, şeýle hem agramyny çekmek işini kadalaşdyrýan köp maksatly ýeke-täk merkezi kompýuter tarapyndan dolandyrylýar.
20.07.2021
6210
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
20.07.2021
11771
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Sizi we Türkmenistanyň halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
20.07.2021
34067
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen 2021-nji ýylyň 20,21, 22-nji iýulynda Gurban baýramyny bellemek karar edildi. Sahawatly türkmen topragyna Gurban baýramy geldi.
20.07.2021
7697
Pagtaçylyk boýunça ýörite maslahat geçirmek meýilleşdirilýär
Gowaça ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça duşenbe güni geçirilen maslahatda Türkemnistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agrosenagat toplumynyň bu strategik möhüm pudagynyň ösdürilmegine bagyşlanan ýörite maslahatyň geçirilmegini goldap çykyş etdi.
20.07.2021
5937
Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» sammitine gatnaşar
28 – 30-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» atly XII halkara ykdysady sammit geçiriler.
20.07.2021
11317
Ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilimli uçurymlar kabul edilýär
Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde hem welaýatlarynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde 2021 — 2022-nji okuw ýyly üçin dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek bellenilen tertipde dowam edýär.
19.07.2021
3647
Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Gurban baýramy bien gutlady
Sizi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de adamzadyň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň merdana halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk hem-de ylham-joşgun paýlap, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
19.07.2021
3609
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem öňde boljak şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.