18.12.2023
6351
Türkmenistanda dynç günlerinde maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar
Deslapky çaklamalara görä, hepdäniň başy sowuk bolar. Şeýle-de bolsa, dynç günlerine çenli ýurdumyz boýunça howanyň ortaça temperaturasy +18 gradusa ýeter.
18.12.2023
4741
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 105 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
18.12.2023
5646
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň işgärleri iň täze enjamlary özleşdirýärler
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň işgärleri suwuň hilini derňemek üçin niýetlenen enjamlary özleşdirýärler. Gullugyň Aşgabat we welaýat bölümleriniň hünärmenleri ýerasty ýa-da ýerüsti suwlaryň ýerleşýän ýerlerinde onuň derejesini, temperaturasyny, elektrik geçirijiligini, bulanyklygyny we beýleki häsiýetlerini ölçemäge mümkinçilik berýän «SEBA KLL-Checker» enjamlaryny özleşdirdiler.
18.12.2023
5243
Ýaş alymlar ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürýärler
Türkmen ýaşlarynyň ykdysadyýetiň, telekeçiligiň, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we sportuň dürli ugurlaryndaky üstünlikleri we onuň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ösüşine goşan goşandy diňe ýakynda boljak ýaşlar forumynda we üstünlikler sergisinde däl, eýsem, ýaş nesliň üstünliklerini jemleýän täze neşirde hem giňden görkeziler.
18.12.2023
5243
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
18.12.2023
5020
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
17.12.2023
16443
Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň, durnuklylygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, mizemez jebisligiň binýady
12-nji dekabrda ýurdumyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. Sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini berkarar etmegiň möhüm şerti hökmünde durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu sene milli hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.
17.12.2023
6878
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana sapary barada
2023-nji ýylyň 16-17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
17.12.2023
5544
Pariž şäherinde TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi
2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNSKO) Pariždaky ştab-jaýynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.
17.12.2023
6331
«Arkadag» topary AFK Çempionlar ligasyna gatnaşýan topardan üstün çykdy
«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynda «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda utup, ýigrimi üçünji ýeňşini gazandy. Oýun paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.