16.12.2023
6331
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
16.12.2023
4967
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gynanç hatyny iberdi.
16.12.2023
3953
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
16.12.2023
4932
Günbatar sebitde ýod önümçiligi ösüş ýolunda
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu ulgamyň ýurt möçberindäki adygan kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde öndürilýän derde derman melhemler ýokary hil derejesi bilen tapawutlanyp, içerki we daşarky sarp edijileriň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
16.12.2023
6600
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar geçirilýär
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän «Kitap – paýhas çeşmesi» atly kitap klubynyň çäginde Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) boýunça duşuşyklar dowam edýär.
16.12.2023
6031
Russiýa we Özbegistan Türkmenistanyň üstünden geçýän ýoly ösdürer
Russiýanyň iň iri ulag-logistika kärhanalarynyň biri bolan «FESCO» we «Özbegistan demir ýollary» paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň üsti bilen Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňzi ýurtlaryna gidýän täze ugurlar boýunça bilelikde işe başlamak barada ylalaşyga geldiler.
16.12.2023
5544
Maslahata gatnaşanlar nebit-gaz pudagyny ösdürmegiň wajyp meseleleri barada pikir alyşdylar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebit-gaz we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine iberen Gutlagynda Türkmenistanda tebigy gazyň gaýtadan işlenmegine we dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleriň öndürilmegine uly üns berilýändigi bellenýär.
15.12.2023
4871
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
15.12.2023
6271
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
15.12.2023
4425
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.