13.11.2023
4820
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýä halklarynyň köp dürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak bu festiwalyň işine uly üstünlik arzuw edýärin.
13.11.2023
5484
Ýurdumyzda noýabr aýynyň ikinji ongünlüginde ýagyşly howa garaşylýar
Türkmenistanda belli bir derejede maýyl howa garaşylýar. Hepdäniň dowamynda howanyň ortaça temperaturasy + 20 gradus bolar. Sebitleriň käbirinde az-kem ygal ýagar.
13.11.2023
4432
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 492 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
13.11.2023
5668
Türkmenistan gümrük we serhet gulluklarynda elektron okuwy ornaşdyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni öwrenýär
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serheti dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň guramagynda geçirilen okuw maslahaty türkmen hünärmenleri üçin elektron okuw usulyýetini ornaşdyrmak we elektron okuw platformasyny ulanmak bilen baglanyşykly boldy.
13.11.2023
5139
Ýaşyl maýsalara ideg etmek işleri barha ýaýbaňlanýar
Lebap welaýaty boýunça şu möwsümde 130 müň gektar meýdana galla tohumy sepilip, öňümizdäki ýylda ondan esasy azyklyk önümi bolan bugdaýyň 310 müň tonna hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.
13.11.2023
7930
Arkadag şäheri çägini giňeldýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar ýeri hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýeri Arkadag şäheriniň çägine geçirildi.
13.11.2023
6411
Türkmenistanly samboçy Ýerewanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal eýeledi
Türkmenistanly türgen Begenç Baltaýew Ýerewanda geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy. Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2-nji sport mekdebiniň 28 ýaşly tälimçisi bu üstünligini 79 kg çenli agram derejesinde gazandy. Ýaryşda 24 pälwan medallar ugrunda göreşdi.
13.11.2023
8995
Türkmenistanly küştçüler ýetginjekleriň arasynda Italiýada geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Dünýä ýurtlarynyň 93-sinden, şol sanda Türkmenistandan hem şu gün Italiýanyň Montesilwano şäherinde 14, 16 we 18 ýaşly ýetginjekleriň hem-de gyzlaryň arasynda başlanan küşt boýunça dünýä çempionatyna ýygnandylar.
12.11.2023
33120
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.
12.11.2023
10390
Arkadag şäheriniň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan tygşytlylyk hem-de ekologik howpsuzlyk babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13 — 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.