mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

25.08.2023

total-veiw

9664

AFK-2023/24-iň çempionlar ligasynda «Ahalyň» garşydaşlary kesgitlendi

Aziýa futbol konfederasiýasynyň klublar arasyndaky esasy futbol ýaryşynyň 42-nji we «AFK Çempionlar ligasy» atlandyrylýan 21-nji oýun üçin Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen bije atyşlygynyň netijesinde, Özbegistanyň «Pakhtakor», Saud Arabystanynyň «Al-Fayha» we BAE-niň «Al-Ain» toparlary Türkmenistanyň «Ahal» toparyna bäsdeş bolup çykdy.

news-photo

25.08.2023

total-veiw

5765

Aşgabatda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň tegelek stolunyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

news-photo

24.08.2023

total-veiw

9380

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda şatlyk-şagalaňly geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan beýik özgertmeleri, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny wasp edýän täze aýdym-sazlary joşgunly ýerine ýetirmekde size döredijilik rowaçlyklaryny arzuw edýärin.


news-photo

24.08.2023

total-veiw

5886

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Palestina Döwletiniň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.


news-photo

24.08.2023

total-veiw

6550

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.


24.08.2023

total-veiw

6410

Ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dialogy

Mälim bolşy ýaly, 4-nji awgustda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki çylşyrymly halkara şertleriň ýokary derejede jebisligi, ylalaşyklylygy we özara goldawy talap edýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan umumy döredijilikli ýörelgelerden, däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýandyklaryna ünsi çekdi.

news-photo

24.08.2023

total-veiw

4981

Türkmenistan we Özbegistan energetika boýunça gatnaşyklary ösdürýärler

Şu gün paýtagtymyzda Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bilen hem duşuşygy geçirildi.

news-photo

24.08.2023

total-veiw

4834

Aşgabatda türkmen-yrak gaz hyzmatdaşlygy ara alnyp maslhatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyza sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň agzalary bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. 

news-photo

24.08.2023

total-veiw

10667

Innowasiýa maglumat merkezi täze hyzmatlary teklip edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň ugry milli bilim ulgamyny özgertmäge, hususan-da sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

news-photo

24.08.2023

total-veiw

4662

Paýtagtymyzda dürli medeni çäreler geçiriler

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary paýtagtymyzda geçiriljek dürli medeni çärelere tomaşa edip bilerler.

...3284