14.07.2023
15500
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Baýrammyradowiç Goçmyradow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly wezipesinden boşadyldy.
13.07.2023
14349
Halkymyzyň saglygyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
«Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtady.
13.07.2023
6169
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
13.07.2023
5556
Gyrgyzystanda geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda Türkmenistandan 6 ýaşly küştçi bürünç medal eýeledi
Türkmenistandan 6 ýaşly küştçi Begli Annagylyjow Gyrgyzystan Respublikasynda geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy.
13.07.2023
4620
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşygy geçirildi.
12.07.2023
20743
Azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi — Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesi
Azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek, oba hojalyk işleriniň barşy we bu ugra degişli beýleki meseleler Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň, iş maslahatlarynyň gün tertibine girizilýär. Döwlet Baştutanymyz 10-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamak, gowaça we şaly ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň, şugundyr ekişiniň öz wagtynda geçirilmegini gözegçilikde saklamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.
12.07.2023
6483
Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredildi
Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
12.07.2023
4628
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nobatdan daşary umumy ýygnagy
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nobatdan daşary umumy ýygnagy geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birleşmäniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri girizildi, şeýle hem hususy ulgamy goldamak boýunça çäreler, birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
12.07.2023
11188
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:
12.07.2023
8127
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň üçünji möwsümi başlanýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we bu ýokary okuw mekdebiniň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň geçirýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» intellektual taslamasy dowam edýär. Onuň guramaçylary 2023-2024-nji okuw ýylynda başlanjak Türkmenistanyň orta mekdep okuwçylary üçin hünäre gözükdirýän taslamanyň üçünji möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdiler.