07.07.2023
32216
Türkmenistanyň Prezidentiniň T.R.Atahallyýew hakynda Permany
Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
07.07.2023
11148
Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek J.Annaýewiň üstüne ýüklenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýewiň üstüne ýüklenildi.
07.07.2023
7815
Türkmenistanly talyp Hytaýda geçirilen Halkara ýaşlar forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Kuwwat Mämmedow Hytaýyň Çanşa hem-de Nankin şäherlerinde geçirilen Beýik Ýüpek ýolunyň döredijiligi we mirasy boýunça Halkara ýaşlar forumyna gatnaşdy.
07.07.2023
8171
«Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Yslam Ösüş bankynyň ilkinji prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
07.07.2023
5285
Türkmenistanlylar “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşyna gatnaşýarlar
Türkmenistanly toparlar Kazanda başlanan “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşynyň 13-nji goýberilişine gatnaşýarlar.
07.07.2023
5772
Türkmen kinorežissýorlarynyň täze döredijilik taslamalary
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi doly göwrümli çeper filmleriň ikisini ̶ «Kompozitor» we «Gürgenç gözeli Törebeg» filmlerini taýýarlamaga girişdiler.
07.07.2023
4064
Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlary ýüz ýigrimi müň tonnadan gowrak ýeralma taýýarlamaga borçlandylar
Daşoguz welaýatynda ýer almanyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Bu ýylda ol sekiz müň sekiz ýüz gektar ýere ekildi.
06.07.2023
15889
Türkmenistanyň Arkadag şäheri dünýä metbugatynyň sahypalarynda
29-njy iýunda ýurdumyzda şu ýylyň möhüm taryhy wakalarynyň biri bolan täze, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi.
06.07.2023
3681
Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek maksatnamasynyň (CADAP) 7-nji tapgyrynyň Ýolbaşçy toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.
06.07.2023
3971
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 4-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiň başlygy B.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 30-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.