26.06.2023
64545
Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň hazynasy
Şu gün paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän ylmy maslahatyň baş maksady Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatyny, filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, ol halklaryň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybaratdyr.
26.06.2023
4726
Medeniýet hepdeligi — 2023: bäşinji gün
Paýtagtymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli dabaralar dowam edýär. Günüň birinji ýarymynda myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna bardylar. Bu ýerde guralan kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan eserlerine giň orun berildi.
26.06.2023
19528
Milli medeniýetiň, sungatyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň şanyna
Her ýylyň 27-nji iýunynda tuutş ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň däp bolan täsirli we joşgunly ruhunyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirilýär.
26.06.2023
5882
Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň surat sergisi açyldy
Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçirilýär.
26.06.2023
5282
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 53 million 380 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
26.06.2023
11176
Arkadag şäheri üçin elektromobiller
Ýakyn günlerde «akylly şäher» konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy bolar.
26.06.2023
7272
Ýurdumyzda iýun aýynyň soňky hepdesinde boljak howa barada maglumat
Türkmenistanda şu hepdäniň başynda howanyň temperaturasy +37… gradus bolup, bulutsyz tomus howasy bolar diýlip çaklanylýar.
26.06.2023
4227
“Kesgir bulak” gorag nanotor önümçiligini özleşdirdi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň saýty dünýäniň ösen ýurtlarynyň iň täze tehnologiýalaryny, enjamlaryny we tejribesini ulanýan “Kesgir bulak” hususy kärhanasynyň başlygy, telekeçi Ruslan Karanowdygyny habar berýär.
25.06.2023
6848
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Sizi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
25.06.2023
4695
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs Musara ýurduň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.