23.06.2023
8277
Magtymguly adyndaky TDU All University Info sanawyna giren Türkmenistanyň ilkinji ýokary okuw mekdebidir
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti All University Info sanawyna girizilen Türkmenistanyň ilkinji ýokary okuw mekdebi boldy.
22.06.2023
6030
Aşgabatda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
Şu gün paýtagtymyzda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu iri medeni forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär.
22.06.2023
5300
Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Halk ruhubelentliginiň baýramynyň çäklerinde dürli medeni çäreler geçirilýär.
22.06.2023
5561
Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýuldy
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
22.06.2023
5264
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Russiýaly kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdiler.
22.06.2023
4949
Döwlet muzeýinde Medeniýet hepdeliginiň açylyşyna bagyşlanan çäreler geçirildi
Medeniýet hepdeliginiň açylyşyna bagyşlanan çäreler günüň ikinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dowam etdi.
21.06.2023
5253
Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
21.06.2023
9538
Ýüpekçilik — milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dokma senagatynyň okgunly ösdürilmegi hem-de pudagyň işgärleriniň, şol sanda pile öndürijileriň yhlasly we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.
21.06.2023
8120
Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
21.06.2023
5247
BAE-de Türkmen-Emirlikler akademiki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Abu Dabide Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň (BAE) Baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy.