14.06.2023
6538
Türkmenistanly agyr atletikaçy Gawanada geçirilýän Baş Baýrak ýaryşynda kümüş medal gazandy
Türkmenistandan Gaýgysyz Töräýew Agyr atletika halkara federasiýasynyň (IWF) Gawanada (Kuba) geçirýän Olimpiýa oýunlaryna saýlama Baş Baýrak ýaryşynda ştangany silterläp, itekläp götermekde we iki synanyşygyň jemi boýunça üç kümüş medal eýeledi.
14.06.2023
4094
«Türkmen Logistika» Baltika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
11-nji iýundan 17-nji iýun aralygynda «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň we Assosiasiýa agza kompaniýalaryň - «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» APJ-nyň, şeýle hem Baltika ýurtlaryndaky «Halkara gatnaw logistika» HJ-niň wekilleri TRACECA MPK we Gazagystan Respublikasynyň «Kazlogistics» Ulagçylar Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda USAID-iň Merkezi Aziýada Söwda hyzmatdaşlygy boýunça Taslamasynyň çäklerinde Latwiýanyň we Litwanyň portlaryna guralan saparlara gatnaşýarlar.
14.06.2023
5915
Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň wekilleri inçe sungatlar boýunça amerikan-türkmen medeni alyş-çalyş maksatnamasynyň taslamasyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda (TDÇA) 2023-nji ýylyň uçurymlarynyň diplom işleriniň diňlenilişi bolup geçdi. Ýaş suratkeşlere diplom gowşurma dabarasy meşhur amerikan suratkeşi Eými Eriksonyň Aşgabada gelmegine gabat geldi.
14.06.2023
3666
Türkmenistanyň Adalatçysy ÝHHG-nyň milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary bilen duşuşdy
12-nji iýunda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil- Adalatçy, hanym Ýazdursun Gurbannazarowa bilen ÝHHG-nyň milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary, jenap Kaýrat Abdrahmanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Adalatçynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
14.06.2023
4856
Galla oragy uly depginde alnyp barylýar
Daşoguz welaýatynda galla oragynyň ilkinji günlerinde Boldumsaz , Şabat we Görogly etraplarynyň daýhanlary işleri ýokary depginde alyp barýarlar.
13.06.2023
4572
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.
13.06.2023
4744
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.
13.06.2023
6147
Awazada halkara tans we folklor festiwalyna badalga berildi
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyşy boldy.
13.06.2023
5032
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdy
2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri bilen duşuşdy.
13.06.2023
4079
ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary bilen duşuşyk
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen gepleşikleri geçirdi.