20.04.2023
6150
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşyk boldy.
20.04.2023
4277
Türkmenistanyň hokkeýçileri GAR-da geçirilýän dünýä çempionatynda Lýuksemburgyň milli ýygyndysyny ýeňdi
«A» toparçanyň üçünji diwizionynda Keýptaunda (Günorta Afrikanyň Respublikasy) geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri ilkinji ýeňşini gazandylar. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda ildeşlerimiz Lýuksemburgyň ýygyndy toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdylar.
20.04.2023
10240
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary abraýly halkara himiýa olimpiadalaryna taýýarlanýarlar
Türkmenistanyň ýaş himikleri 30-njy aprelden 7-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçiriljek 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna (MMO-57) gatnaşarlar.
20.04.2023
5225
«Türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň duşuşygy» atly sergisinde türkmen nakgaşlarynyň suratlary görkezildi
Özbegistanda 17-nji aprelden 21-nji aprel aralygynda geçirilýän Halkara şekillendiriş we amaly-haşam sungat festiwalynyň çäklerinde Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň duşuşygy» atly sergi guraldy. Onda TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlar – Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan nakgaşlaryň ýüzden gowragy eserlerini hödürlediler.
20.04.2023
4372
Aşgabatda medeni dynç alyş
tahyt Ataýewiň ýolbaşçylyk etmegindäki kirişli saz gurallar orkestri “Dumanly Albion” atly täze aýdym-sazly çykyşyny görkezer. Konsertde iňlis kompozitorlarynyň mukamlary we daşary ýurt estradasynyň meşhur eserleri ýaňlanar.
20.04.2023
4084
«Aldar Köse» ertekisi Lebap welaýatynyň teatrynyň sahnasynda görkezilýär
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Aldar Köse» ertekisi sahnalaşdyryldy.
20.04.2023
4879
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 18-nji we 19-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
20.04.2023
4008
Ýurdumyzyň wekiliýeti Ženewada birnäçe duşuşyklary geçirdi
2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň Portugaliýanyň daşary işler Ministri Žoao Gomeş Krawinýo bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekligiň meselelerine seredildi.
20.04.2023
4812
Goturdepedäki «gara altynly» guýularyň hatary artýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky «Nebitgazburawlaýyş» kärhanasynyň ussat burawlaýjylary şu ýylyň geçen ilkinji çärýeginde täze guýularyň altysyny gazyp, nebitgaz çykaryjylara ulanmaga berdiler.
19.04.2023
3350
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Siziň käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.