18.04.2023
6720
Aşgabatda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.
18.04.2023
7599
Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryň esasy wezipesidir.
18.04.2023
5155
Türkmenistan üstaşyr ýükleriň daşamagynyň işini kämileşdirýär
2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Aziýa Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň «Kämilleşdirilen üstaşyr ulgamy (CATS) we Umumy maglumatlary alyşmak (ICE)» synag ulgamyna jogapkär hünärmenleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar.
18.04.2023
5158
Türkmenistanda salkyn howanyň ornuna ýene-de yssy howa geler
Türkmenistanda hepdäniň başynda başlanan salkyn howanyň ornuna dynç günlerinde yssy howa geler. Şenbede we ýekşenbede howanyň ortaça temperaturasy +35oC derejä ýeter.
18.04.2023
6603
Alymlar topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin biologiki usullary ösdürýärler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen bilelikde topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin biologiki usullar boýunça gözlegler alnyp barylýar.
18.04.2023
7326
Türkmen Milli konserwatoriýasynda kompozisiýa we saz gurallary öwreniş kafedrasynyň hepdeligi başlandy
17-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Turkmen milli konserwatoriýasynda kompozisiýa we saz gurallary öwreniş kafedrasynyň hepdeligi dabaraly açyldy.
17.04.2023
3943
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
17.04.2023
6077
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.
17.04.2023
3683
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.
17.04.2023
5985
Daşoguzyň hünärmenleri ýurdumyzyň energiýa netijeliligine işjeň gatnaşýarlar
Ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň “Daşoguzenergogurluşyk” kärhanasynyň hünärmenleri ýurdumyzda bitewi energetika halkasyny döretmäge niýetlenilen Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň (EGU-500) gurluşygna işjeň gatnaşýarlar.