07.02.2023
5196
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
07.02.2023
6660
Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.
07.02.2023
6333
Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr.
07.02.2023
8085
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işinde halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça brifing geçirildi
2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» atly brifing-maslahatyny gurnady. Bu çäräni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Çaryýew Meretgeldi alyp bardy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
07.02.2023
6156
Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberer
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Türkiýe Respublikasynda bolup geçen tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2023-nji ýylyň fewral aýynda dostlukly türk halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Dokma senagaty ministrligine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de harydy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
07.02.2023
25156
Saçly Dursunowa – lukman, alym, uruş weterany
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň ady dakyldy. Halkymyzyň uly ýaşly nesilleri urşa gatnaşyp, ençeme orden-medal bilen sylaglanan, şeýle hem Watanymyzyň lukmançylygynda öçmejek yz galdyran bu görnükli zenany gaty gowy tanaýandyr.
07.02.2023
11161
Robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçiriler
18-19-njy martda «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda «Robot tehnologiýasy» boýunça bäsleşik geçiriler.
07.02.2023
7296
Türkmen türgenleri «Aziýanyň çagalary–2023» atly halkara gyşky sport oýunlarynda çykyş ederler
Türkmenistanyň ýygyndy topary şu ýylyň 23-nji fewralyndan 5-nji marty aralygynda Kuzbassda geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görýär.
06.02.2023
3537
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
06.02.2023
6233
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.