09.09.2022
8632
Resmi habarlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe seýsmologiýa ylmy boýunça düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, ylmy-gözleg işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, häzirki zaman geodinamik işjeňligini öwrenmek, seýsmiki hadysalaryň bolup geçýän döwründe seýsmogen zolaklarda fiziki hadysalaryň kanunalaýyklygyny we seýsmiki howply zolaklary ýüze çykarmak, bu ugurda ýaş alymlary taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
09.09.2022
14083
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany D.M.Genjiýew hakynda
Durdy Meýmanowiç Genjiýewi Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemeli.
09.09.2022
7181
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany G.Baýjanow hakynda
Güýzgeldi Baýjanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
09.09.2022
5933
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde Zenan parlament ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitine gatnaşdy
2022-nji ýylyň 8-9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň Zenan parlament ýolbaşçylarynyň 14-nji Sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
09.09.2022
5918
Türkmen-Saud hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud Ösüş gaznasynyň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO) Sultan bin Abdulrahman Al-Marshad bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.
09.09.2022
6969
Ýokary mekdebiň durmuşyndaky parlak sahypa
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw jaýynyň işgärleri bilen ýakynda geçiren duşuşygyna bagyşlap, dabaraly çäreler geçirýär.
09.09.2022
4974
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Er-Riýad şäherinde birnäçe duşuşyklar geçirdi
Aýlagdaky Arap döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiň agza ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa Döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
09.09.2022
6728
Türkmenistan Hazarýakasy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürýär
Sentýabryň ilkinji on günlüginde Astrahan şäherinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda medeni we maglumat gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çäre geçirilýär.
09.09.2022
10344
Türkmen filmleri Daşkent festiwalyna gatnaşýar
Oguzhan adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekilýeti 13-18-nji sentýabr aralygynda Daşkent şänerinde geçiriljek «Ýüpek ýolunyň merjeni» XIV halkara kinofestiwalyna gatnaşar.
09.09.2022
4785
Kärine ussatlaryň bäsleşigi
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işgärleriniň arasynda kärine ussatlaryň bäsleşigi başlandy. Oňa «Türkmenenergo» Döwlet elektroenergetiika korporasiýasynyň önümçilik birleşikleriniň gaz turbinaly we bug elektrik beketleriniň işgärleri gatnaşýarlar.