31.08.2022
3440
Türkmenistanyň Prezidenti Slowakiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa ýurduň milli baýramy — Slowakiýa Respublikasynyň Konstitusiýa gününiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
31.08.2022
6450
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.
31.08.2022
5161
Watanymyzyň sebitlerinde täze binagärlik açylyşlary
Şu gün Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde döwlet derejesindäki özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.
31.08.2022
14896
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergisi
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň suratkeşlik bölüminiň mugallymlary öz işleriniň “Kalbyň reňkli owazlary” atly uly sergisini guraýarlar.
31.08.2022
9821
«Owadan ülkäniň» önümleri
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Owadan ülke» kärhanasynyň hünärmenleri möwsümi dürli görnüşli miweleriň mürepbesini çykarmak bilen başladylar.
31.08.2022
15175
Türkmenistanyň balykçylygynyň önümçiligi artýar
Türkmenistanda balyklaryň dürli görnüşini ýetişdirýän balyk hojalyklarynyň we kärhanalarynyň birnäçesi işleýär.
31.08.2022
6535
Türkmen teatrlarynyň täze möwsümi
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry täze teatr möwsümini Täçmyrat Repbimowyň pýesasy esasynda režisýor Bilbil Mämmedowyň goýan «Lukman gelinlik» sazly komediýasy bilen açýar. Spektakl lukman diplomyny alyp, dogduk obasyna gaýdyp gelen, ýakyn wagtda toýy bolmaly Jennet atly gyz barada söhbet açýar.
31.08.2022
7528
Türkmenistan-2022 futbol çempionaty: çekeleşikli oýunlar
Aşgabadyň «Altyn asyr» topary Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynda öňde barýan «Ahal» toparyndan yza galmazlyk üçin her oýunda depginini güýçlendirýär.
31.08.2022
3693
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
31.08.2022
3970
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli gününiň şanly 65 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.