07.07.2022
8804
«Ahal» we «Şagadam» Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy-2022 baýragy ugrunda bäsleşerler
Ýarym final duşuşyklarynyň netijesi boýunça «Ahal» we Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam» klublarynyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy-2022 baýragy ugrunda bäsleşjekdigi aýan boldy.
07.07.2022
7566
3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna çykdy
3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 8-nji iýuldan 10-njy iýul aralygynda Singapurda geçiriljek Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna çykdy. Aleksandr Paşkowyň tälim berýän türgenleri «E» toparçada Guamyň, Gazagystanyň we Papua-Täze Gwineýanyň toparlarynyň gatnaşmagynda şol ýerde geçirilýän saýlama tapgyrda ýeňiş gazanyp, şeýle üstünlige eýe boldular.
07.07.2022
6266
Türkmenabatly himiýaçylaryň ýokary netijeleri
Ýurdumyzyň iň iri kärhanalarynyň biri hasaplanylýan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň himiýa zawodynyň agzybir işgärleri şu ýylyň alty aýyny ýokary zähmet netijeleri bilen tamamladylar.
07.07.2022
9241
Innowasion ösüşiň girewi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşýarlar.
07.07.2022
9769
Talyplar teatrynyň sahnasynda nusgawy eserler
Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň ikinji ýyl talyplary nusgawy drama eserleri esasynda üç oýnuň ilkinji görkezilişini geçirdiler.
07.07.2022
5474
Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça özara maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirdi.
07.07.2022
16123
“Ýylyň mugallymy-2022”: mugallymlaryň hünär we zehin başarnygy
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen “Ýylyň mugallymy-2022” atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi.
06.07.2022
9120
2022-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aý halkara ähmiýetli wakalara baý bolup, onuň dowamynda Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän möhüm syýasy gepleşikler, işewürlik duşuşyklary, forumlardyr giň gerimli medeni dabaralar, sergiler, maslahatlar we beýleki çäreler guraldy.
06.07.2022
6814
Türkmen topragynda kanola gülleýär
Ýurdumyzyň oba hojalykçylary täze döredien kanada rapsasyny – kanolany, çigidiniň turşulygy pes bolan ýag alynýan möhüm ösümligi ösdürip ýetişdirmäge başladylar.
06.07.2022
7618
Türkmen telekeçileri bezeg harytlaryny we laminat asty düşegini öndürmäge başladylar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän agzasy – “Eşret mahabat” hususy kärhanasy edaralaryň we binalaryň içerki hem daşarky timarlama işini amala aşyrýar.