01.07.2022
5701
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
01.07.2022
5426
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
01.07.2022
5157
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Ferdinand Romualdes Markosa Filippinler Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
01.07.2022
6438
Türkmenistan — Türkiýe: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
01.07.2022
8134
«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna «Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
01.07.2022
6864
«Türkmenhowaýollary» agentligine «Gündogdy» hususy kärhanasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” howa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilenberildi.
01.07.2022
6314
«Köpetdag» Bişkekde Gyrgyzystanyň «Dordoý» toparyny utmak bilen, AFK Kubogynda ilkinji ýeňşini gazandy
AFK Kubogynyň täze oýunçysy Türkmenistanyň «Köpetdag» futbol topary, Gyrgyzystanyň 13 gezek çempiony «Dordoýy» 1:0 hasap bilen utdy.
01.07.2022
8268
Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda «Deňizçi» topary öňe çykdy
Aşgabatda dowam edýän Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony «Deňizçi» topary dördünji tapgyryň netijeleri boýunça öňe çykdy.
01.07.2022
5369
Hanoýda türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagtynda ýerleşýän «Melia» myhmanhanasynda türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi.
30.06.2022
5262
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.