05.08.2021
8432
Babaýew Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda boldy.
05.08.2021
4583
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler
6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.
05.08.2021
4109
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
05.08.2021
6655
Türkmen-täjik gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.
05.08.2021
10045
Hojamuhammet Toýçyýew – Olimpiýa medalyndan bir ädimlikde
Türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny bürünç medaldan bir ädimlikde tamamlady. Ol 13 ýurduň wekilleriniň çykyş eden 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde dördünji orny eýeledi.
05.08.2021
9632
Beýik Britaniýa türkmen dalaşgärlerini “Chevening” talyphaky maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar
Beýik Britaniýa dalaşgärleri 2022 – 2023-nji okuw ýyly üçin internet arkaly geçirilýän “Çiwniň” (Chevening) talyphaky maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.
05.08.2021
5127
Täze kärhana işläp başlady
«Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň tabşyrygy boýunça Gubadag şäherinde gurlan täze çeper haly kärhanasynda halylar ýüwürdilip başlandy. Halylara «guşly göl» ýaly gadymy, şeýle hem täzeden dikeldilen göller salynýar. Täze binanyň ýagty otaglarynda çeper elli zenanlar dürli ölçegli we gülli halylaryň birbada ýüz metre golaýyny dokap başladylar.
05.08.2021
6554
Türkmen hünärmenleri durmuş işi boýunça Kolumbiýa uniwersitetiniň bilermenlerinden sapak alýarlar
Aşgabatdan we ýurduň beýleki sebitlerinden mugallymlaryň hem-de hünärtmenleriň 30-dan gowragy durmuş işi boýunça Kolumbiýa uniwersitetiniň bilermenlerinden sapak aldylar.
04.08.2021
10998
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň вütindünýä hepdeligi
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi (World Breastfeeding Week) Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyjy bilen 1-nji awgustdan 7-nji awgust aralygynda geçirilýär. Onuň döredilmegine 1990-njy ýylda BSG-nyň we çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge hem-de goldamaga gönükdirilen Innoçet jarnamasynyň kabul edilmegi sebäp boldy.
04.08.2021
3951
Gaz bazaryndaky ýagdaý we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi
Nebit-gaz bazarynyň bilermenleri ýewropa söwda meýdançalarynda tebigy gazyň bahasynyň has artýandygyny belleýärler. Iýul aýynda bir müň kub metr tebigy gazyň bahasy 464 dollara ýetdi, ol 2018-nji ýylyň maýyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Ýewropa ýurtlaryndaky yssy howa «mawy ýangyja» islegi artdyrdy.