mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

01.08.2021

total-veiw

3396

Harytlaryň gümrük bahasy boýunça seminar

Bütindünýä gümrük guramasy (WCO) bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda wideoaragatnaşyk arkaly «Harytlaryň gümrük bahasy» atly okuw çäresi geçirildi. Bu çäräniň geçirilmegine Bütindünýä gümrük guramasynyň Baku şäherindäki mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi ýardam etdi.

news-photo

01.08.2021

total-veiw

5670

Amyderýa sebitinde suw-energetika hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda we diplomatiýasynda energetika hem-de suw meselesine uly ähmiýet berilýär, ýurdumyz sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak üçin goňşy ýurtlar hem-de halkara düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM) amala aşyrýan Ýewropa Bilelşiginiň «suw-energiýa-azyk» (SEA Neksus) özara gatnaşygynyň esasynda sektorara maliýeleşdirmegi höweslendirmek boýunça Merkezi Aziýa gatnaşyklary» taslamasyna gatnaşmagy munuň anyk mysalydyr. Ol Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) hem-de Germaniýanyň Ydysady hyzmatdaşlyk we ösüş federal ministrliginiň (BMZ) maliýe taýdan goldamagynda dünýä sebitleriniň bäşisinde amala aşyrylýan ählumumy Neksus Gatnaşyklar Maksatnamasynyň bir bölegidir.

news-photo

30.07.2021

total-veiw

6758

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

29.07.2021

total-veiw

3403

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar

Tunisiň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

news-photo

29.07.2021

total-veiw

3359

Geljekki hasyl üçin

Daşoguz welaýatynda gallanyň täze hasylyndan tohumlyk material taýýarlanylýar. Şu güne çenli bu ýerde on üç müň tonnadan gowrak tohumlyk material ýygnaldy. Tohum üçin ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan hem-de kesellere durnukly görnüşleri saýlanyp alyndy. Bu jogapkärli çärä welaýatyň ýörüteleşdirilen punktlarynyň onusy gatnaşýarlar. Birbada 50 müň tonna galla saklamaga we arassalamaga niýetlenen S. Türkmenbaşy hem-de Boldumsaz etraplarynda 2015-nji ýylda işe girizilen täze iri elewatorlar hem bu işe gatnaşýarlar. Olaryň hersindäki ýörüte bölümde zerur berk sanitar gözegçilik astynda tohumlyk galla taýýarlamak işi doly amal edilýär. Bu ýerde awtomatik düzgünde ýörüte enjamlar bilen galla saýlanylýar, arassalanylýar we işlenilýär. Hil derejesi barlanandan soň ol polipropilen haltalara gaplanylyp, ammarlara ugradylýar. Ruhubelent etrabyndaky elewatoryň we Görogly etrabynyň döwrebap iri çörek önümleri kärhanasynyň tohumlyk mateillary taýýarlaýan bölümleri-de ýokary öndürijilikli işleýärler.

news-photo

29.07.2021

total-veiw

3692

Duşanbede türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşanbede Söwda-ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistan – Täjigistan hökümetara bilelikdäki komissiýasynyň onunjy mejlisi bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Komissiýanyň türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Täjigistan tarapyna bolsa Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdi.

news-photo

28.07.2021

total-veiw

7916

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

news-photo

28.07.2021

total-veiw

4515

Türkmen hünärmenleri bilim edaralarynda sanitar-epidemologiýa abadançylygy üpjün etmek boýunça maslahatlar bilen tanyşýarlar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Bilim ministrliginiň hünärmenleri BSG-niň ýurduň bilim edaralarynda  sanitar-epidemologiýa abadançylygy üpjün etmek boýunça maslahatlary bilen tanyşýarlar. Meselem, BSG-niň Ýewropa sebit edarasynyň ÝUNISEF we ÝUNESKO bilen bilelikde guran COVID-19 pandemiýasdy döwri Mekdeplerde bilim bermek meseleleri boýunça ýokary derejeli üçünji maslahatynda olar indiki okuw ýylynda mekdeplerde netijeli sapak geçmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirden, tomusky dynç alyş günleri amal edilmeli çärelere garadylar.

news-photo

28.07.2021

total-veiw

13865

Dokma kärhanalary mekdep eşiklerini tikýärler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep okuwçylary üçin egin-eşikleriň giň görnüşini tikmäge girişdiler. Adatça 1-nji awgustda açylýan mekdep bazaryna okuw eşikleriniň ähli görnüşlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

news-photo

28.07.2021

total-veiw

9715

Türkmeniň köňül owazy – dutar

Iki tar many berýän dutar – türkmen halkynyň köp asyrlyk saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Isle toý bolsun, isle döwlet baýramy – hiç bir dabara bagşysyz geçmeýär.

...3343